SÖZ USSADYNA BELENT SARPA

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyz eziz Diýarymyzda erkana, asuda hem-de eşretli zamanada ýaşaýar. Sebäbi, bu gün türkmen iline «Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasy geldi.

     Söz mülküniň hökmürowany Magtymguly Pyragy umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Ol öz döwrüniň ähli wakalaryny özüniň goşgy setirlerinde beýan edipdir, adamlary ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige we ahlaklylyga çagyrypdyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda beýik şahyryň döredijiligine düýpli seljerme berip «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip belleýär.

     Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýaşamak, Watany ak ýürekden söýmek baradaky arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda häzirki günlerde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda uly dabara bilen belleniljek 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bolsa, guwandyryjy ýagdaýdyr.

     Hakykatdan hem, bir-biriniň üstüni ýetirýän taryhy wakalar, şanly seneler agzybir halkymyzyň ylaýta-da ýaşlaryň kalbyna egsilmez ruhy joşgun eçilýär, köňüllere buýsanç paýlaýar. Düýn, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy barada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze döreden ajaýyp goşgusyny okap bermegi döredijilik işgärleriniň, ýazyjy şahyrlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy, ýürek buýsanjyny has-da artdyrdy.

     Aýratyn bellemeli wakalaryň biri hem, halkymyzyň milli medeniýetine sungatyna, çeper döredijiligine aýratyn hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny bellemegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlaryna sarpa goýýandygynyň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

     Biz hem hut şu maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, agzalary bolup, ýörite düzülen meýilnamalar esasynda dürli medeni çäreleri, edebiýat agşamlaryny, aýdym-sazly döredijilik duşuşyklaryny yzygiderlilikde gurnap, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamakda yhlasly zähmet çekeris.

     Goý, halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere atarýan, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, Watanymyzyň ösüşli, röwşen ýollary rowaçlyklara beslensin!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI