YNSANYÝETIŇ ÝOL GÖRKEZIJISI

     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýaş nesliň ylymly, bilimli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin bimöçber uly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar döwürde kitaba berilýän üns has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzdaky çaphana binýadynyň pugtalanmagy, ýokary hilli kitaplaryň we çaphana önümleriniň hiliniň artmagy, munuň aýdyň subutnamasydyr.

     Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň:

 

“Alymlara uýsaň, açylar gözüň,

Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen”

 

diýip, belläp geçişi ýaly, çuňňur many-mazmunly, möhüm ähmiýetli kitaplar her birimiz üçin terbiýe mekdebidir. Pähim-paýhasa ýugrulan kitaplar ösüp gelýän ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeginde, döwrebap bilim-terbiýe almagynda, kärine ussat hünärmenleri taýýarlamakda, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ahlak gymmatlyklary bolan iň gowy gylyk-häsiýetlerini, ýol-ýörelgelerini terbiýelemekde uly gollanma bolup hyzmat edýär.

     «Zer gadryn zergär biler» diýlişi ýaly, edebiýatyň çeper meýdany täze-täze kitaplaryň hasabyna baýlaşýar. Şeýlelikde, edebiýatyň halk bilen ruhy sazlaşygy dowam edip, bu ajaýyp pähimler hem edebiýat ummanynyň baýlaşmagyna uly goşant bolup durýar. Şol nukdaýnazardan hem, kitabyň ýaş nesilleriň ylymlar dünýäsine gadam goýmagynda täsiri uludyr.

     Kitaplary ähli ynsanlara serpaýlaýan ýazyjy-şahyrlar iň bagtly adamlardyr, olar özlerinden ebedilik at galdyrýarlar. Kitaplary ýazýan adamlar baky ýaşaýarlar, çünki olar öz ömürlerini kitaplarynda dowam etdirýärler. Goý, tutuş ynsanyýete ýol görkeziji bolan kitaplar ýaşasyn!

 

Gözel KUŞMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI