Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň Bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň Bilim bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda täze okuw ýylynyň golaýlamagy bilen Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdymyzda raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi we döwrebap bilim almagy maksady bilen «Ýaşlar — Watanyň geljegi» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy Aşyrberdi Aýdogdyýewiň, Bilim bölüminiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Möwlamberdi Öwezowyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek baradaky aladalary, durmuşa geçirýän möhüm işleri, öňdengörüjilikli syýasaty dogrusynda belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda bolsa ýaş nesillerimiz üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.