Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, parahat we abadan durmuşda ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden döwrüň ösen talaplaryna laýyk peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Ätiýaçlandyryş işiniň mundan beýläk hem özgerdilmegine, giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, ätiýaçlandyryş işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna, täzeçil çemeleşilmegine aýratyn üns berilýär. Ätiýaçlandyrylýanlaryň isleglerinden we halkara ölçeglerinden ugur alyp, hereket edýän ätiýaçlandyryşyň görnüşleri kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Ätiýaçlandyryş ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek we pudaklar, ulgamlar boýunça durnuklylygyny üpjün etmek bilen birlikde, fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýitgileriň öwezini dolmak, töwekgelçilikli ýagdaýlarda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy wezipesi döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny işläp taýýarlamak we şol syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridiki şahslary emläk, şahsy we jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçiş döwründe döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine täsir edip biljek töwekgelçiliklerden goramagy üpjün etmek bolup durýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ýurdumyzyň çäginde fiziki we ýuridiki şahslara zerur bolan ýokary hilli ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny amala aşyrýar. Bulardan başga-da, ätiýaçlandyryş wekilleriniň uly topary hereket edýär. Olar müşderiler bilen ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşanlarynda, özüniň ýokary hilli goldawlaryny berýärler.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat, şäher we etrap guramalarynyň hemmesinde täze döwrebap enjamlara daýanýan programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Munuň özi, maglumatlary alyşmaga giň mümkinçilikleri berýär. Şeýle programma üpjünçiliginiň esasy aýratynlygy olarda maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilýändigindedir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy onlaýn usulynda ätiýaçlandyryş guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirýär. Bu programma üpjünçiliginiň girizilmegi bilen welaýat, şäher, etrap guramalarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygynyň işi optiki-süýümli aragatnaşygyň üsti bilen ýerine ýetirilýär we şol arkaly wideoşekilli maslahatlar, okuwlar guralýar.
Häzirki wagtda ilata hödürlenilýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, müşderilere amatly şertleri döretmek, baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň töleglerini geçirmek üçin raýatlara Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň internet torundaky resmi saýtyny peýdalanmak arkaly, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň kesgitlenen töleglerini «Altyn asyr» plastik kartlary arkaly nagt däl görnüşinde tölemek mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy müşderilerine emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6 görnüşini, meýletin ätiýaçlandyryşyň 50 görnüşini hödürleýär. Welaýatlardaky, etraplardaky ätiýaçlandyryş guramalaryna gelip ýa-da ätiýaçlandyryş wekilleriň üsti bilen gysga möhletde hem-de amatly şertlerde şertnamalary baglaşmaga ähli mümkinçilikler bar. Şeýle-de internetiň üsti bilen ätiýaçlandyryşyň www.insurance.gov.tm resmi web-saýtynyň üsti bilen arza berip, onlaýn töleglerini edip bilersiňiz.
Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösmegine aýratyn üns berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin!
Arazgül GURBANOWA,
Daşoguz welaýatynyň döwlet
ätiýaçlandyryş guramasynyň ýuristi,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.