SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

     Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýurduna öwrülýän eziz Diýarymyz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sportda-da uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde düýpli özgerişlere badalga berildi hem-de bu asylly iş barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmeklik, ýaş nesliň sport bilen meşgullanmagyna, olaryň sporta bolan höwesleriniň artmagyna uly ähmiýet berýär. Şol maksatlary göz öňüne tutup etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda etrabyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi hem-de Sarahs etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan «Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek» ady bilen sportuň dürli görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Laçyn MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Indiki makala

PAGTA

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 499 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 496 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 517 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT