Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan belent wezipeleriniň amala aşyrylmagynda ýaş nesillere aýratyn bil baglanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtmagynyň gözbaşy hem hut şol ynamdan ugur alýar. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýarlar.
Munuň özi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habar gelip gowuşmagam munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu habar diňe bir biz ýaşlarda däl eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi. Hususan-da ÝUNESKO-nyň sekretariýasynyň sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anželo Milo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň Ýaşlar başlangyçlaryny we beýleki şuňa meňzeş taslamalaryň arasynda özara gatnaşyklary hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bu jemgyýet ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmäge ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Ol şeýle-de ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.
ÝUNESKO-nyň 30 ýyllygy bellenilýän günlerinde TMÝG-niň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi Türkmenistanyň halkara Ýaşlar dialogy pugtalandyrmak şeýle-de ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz «Ýaşlar guramasynyň gujur gaýratly agzalarynyň ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly-bilimli, dörediji we gurujy ýaşlaryň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewiligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýlägem gülläp ösmeginiň bütin dünýädäki abraý mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, biz ýaşlara uly ynam bildirýär.
Berkarar döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýokary ösüşler we guwandyryjy netijeler gazanmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň ähli agzalarynyň mynasyp goşandy bardyr. Ýurdumyzyň Ýaşlar guramasy berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, syýasy taýdan durnukly Watana wepaly nesilleri kemala getirmek boýunça ýaşlary jebisleşdirmekde olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Watanymyzy mundan beýlägem ösdürmäge gönükdirmekde öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny uly buýsanç bilen göterýär.
«Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň täze taryhy eýýamda döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara bildirýän uly ynamynyň netijesi bolup durýar.
Biz ýaşlar hem özümiz barada edilýän şeýle aladalardan ruhlanyp Watanymyzyň gülläp ösüşine öz goşandymyzy goşup ösüp gelýän ýaş nesle hünär öwretmekde, zähmete ugrukdyrmakda, hünäre söýgi döretmekde, zähmete ugrukdyrmakda janymyzy aýaman zähmet çekjekdigimizi ynandyrýarys.
Biz ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Annagül BERDIÝEWA,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň
Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň
gurnak ýolbaşçysy.