TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ ILKINJI SAPAGYNYŇ ADY AÝDYLDY

     Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýedi aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi.

     «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

     Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 26-njy awgustda bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi.

     Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar.

     Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler.

     Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirmek meýilleşdirilýär.

     1-nji synpa okuwa barýan körpelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.

     Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi.

     Döwlet Baştutany şeýle hem wise-premýer N.Amannepesowa täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Meňzeş habarlar