BÄHERDENIŇ ŞYPASY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şu günler ýurdumyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän, Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem salkyn-saýaly, dury-suwly dag derelerimiziň goýnunda, we Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, açylyp ulanylmaga berlen, döwrebap ähli amatlyklary özünde jemleýän, şypahanalarymyzda ýurdumyzyň zähmetsöýer ilatynyň aglaba bölegi, öz saglyklaryny berkidýärler. Gözel diýarymyzyň birnäçe ýerlerinde bina edilen, döwrebap derejesinde gurlup ulanylmaga berlen, şeýlede ozal bar bolanlaryň durky düýpgöter täzelenen, şypahanalarymyz elmydama halkymyzyň köňül guşyny ganatlandyrýar. Halkymyzyň gije-gündiz hyzmatynda bolýan şeýle şypahanalaryň biri-de, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň, Bäherden şäherinden 9-k/m günortasynda, Köpetdagyň eteginde bina edilen, öz şypaberiji täsin suwy bilen, giňden tanalýan «Ýyly suw şypahanasy» şeýle-de şol etrabyň 25-k/m günbatarynda ýerleşýän, ýurdumyzyň baýry şypahanalarynyň biri-de, ady belli meşhur,«Arçman» şypahanasydyr. Bu şypahanalarymyz şu günler hem, raýatlarymyzyň iň bir arzylanyp gelinýän ýeri bolansoň, öz saglyklaryny dikeltmäge gelýänleriň sany, her ýylda has hem artýar. Zähmet rugsadyna çykýan watandaşlarymyzyň aglaba bölegi, bu ýeriň salkyn-saýaly baglary, säher bilen öwüsýän dag howasy, gojaman Köpetdagda bar bolan dermanlyk ot çöpleriniň ysy, wagtal-wagtal öwsüp duran şemallar bilen sazlaşyp, daş-töwerekde täsin bir gudrat, kemala gelýär. Şeýle şypahanalarda zähmet çekýän, güler ýüzli lukmanlar, kiçi göwünli şepagat uýalary, şeýle hem eli süýji aşpezler, bu ýere dynç almaga gelýänleriň sagbolsunlaryna mynasyp bolýarlar. Şu günler hem bu ýerlerde, ähli amatlyklary bar bolan şypahanalarymyzda saglyklaryny dikeltmäge we dynç almaga gelýän zähmetsöýer ilatymyz, özleri hakynda döredilýän giň mümkinçilikli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli, belent maksatly işleriniň rowaç almaklaryny arzuw edip, özleriniň çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

YLYM-BILIM GANATDYR

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI