Adamyň oýlap tapyjylyk ukybynyň çägi ýok. Gadymy döwürlerde adamlar eşikleriniň ykjam hem-de tämiz bolmagy üçin ütüklemegiň dürli usullaryny: közli, gaz, hat-da spirt bilen hem işleýän ütük ulanypdyrlar. Daş, demir, tagta — bularyň hemmesi gadymy döwrüň «ütükleri» bolupdyr. Arheologlaryň tekrarlamagyna görä, iň gadymy ütük bolup iki sany uly, agyr daş hyzmat edipdir. Çyg geýim-gejimi ençeme sagat şol iki daşyň arasynda goýupdyrlar. Biziň eramyzdan öň IV asyrda gadymy Gresiýada eşik ütüklemek üçin gyzdyrylan ýasy demir ulanylypdyr. Orta asyrlarda bolsa, taba çalym edýän «ütükler» bolupdyr. Tabanyň içine köz bölejikleri salnyp gyzdyrylypdyr. Ütüklemegiň bu usullary örän amatsyz bolup, seresaplylygy hem-de hüşgärligi talap edipdir. Sebäbi aşa gyzdyrylan demir eliňi ýa-da eşigi ýakypdyr, tabanyň içindäki köz bölejikleri bolsa, eşigiň üstüne dökülip, ony zaýalapdyr. Ýöne ütüklemegiň başga tärleri häli oýlanyp tapylmansoň, olaryň başga alajy bolmandyr.
Wagtyň geçmegi bilen ütügiň häzirki görnüşleri emele gelipdir. Ýöne bu diňe daşky görnüşi babatynda şeýle. Ýagny indi köz tabalara däl-de, ütügiň içine salnyp başlapdyr. Şol ütükleriň iki tarapyndan yşlar goýlup, sowan közler aýrylyp, gyzgynlary salnypdyr ýa-da yşlara turbalar örtülip, üflenipdir-de, közler köredilipdir. Bu ütükler örän agyr bolansoň, köp güýç talap edipdir. Soňabaka ütügiň içine togalak demir bölegini berkidipdirler. Şol demir otda gyzdyrylyp ütüge salnypdyr. Çoýun ütükleriň bu görnüşi Ýewropa ýurtlarynda hem-de Russiýada XVII asyrlarda emele gelipdir.
Çoýun ütügiň agramy on kilogram bolup, ony ýarym sagat çemesi otda gyzdyrmaly eken. Üşükliligiň sähel gowşan ýerinde gyzan ütük işläp duranyň elini ýakypdyr. XVIII asyrda çoýun ütükler köpçülikleýin öndürilip başlanypdyr. Garaz, ütükleriň görnüşlerini sanajak bolsaň, olar örän köp. XIX asyryň ahyrlarynda gaz bilen işleýän ütük oýlanyp tapylypdyr. Gaz ütükleri ýeňil bolsa-da, onuň bilen ütüklemek öňkülerdenem howply bolupdyr, sähel ýalňyşlyk goýberilse, otagy ot almak howpy abanypdyr.
XX asyryň başlarynda spirt bilen işleýän ütükler emele gelipdir. Onuň bilen işlemek ýeňil bolupdyr. Ütügiň içine spirt guýlup, otlanypdyr. Ýanan spirtiň howry gutarýança ençeme egin-eşikleri ütüklemek mümkinçiligi zenanlaryň göwnüne ýarapdyr. Ýöne bu ütükler örän gymmat bolansoň, her kime ýetdirmändir. Ütügiň bahasy bir sygyryň ýa-da bäş sany goýnuň bahasy bilen deň eken.
Elektrik tokda işleýän ütük bolsa, 1882-nji ýylyň 6-njy iýunynda amerikan inženeri Genri Sili tarapyndan oýlanyp tapylypdyr we patentleşdirilipdir. Emma bu ütügem kämil çykmandyr, onuň tok urmak ýaly gorkuly tarapy bolupdyr. Laýyk on ýyl geçensoň «General Elektronik» hem-de «Crompton & Co» şereketleri tokly spiralda işleýän ütügi köpçülige hödürläpdir. Şeýlelikde, ahyry ütügiň howpsuz görnüşi emele geldi. Bu ütük daşky keşbi üýtgedilip, kämil görnüşe getirilse-de, tokly işleniliş mehanizmi şol durşuna dur. Asyryň dowamynda ütüge gyzdyryjylyk derejesini kadalaşdyryjy enjamyň dakylmagy hem-de çoýun düýbüniň aýna, keramika we nikel kysymly materiallar bilen çalşylmagy onuň has-da kämilleşmegine getirdi.
XXI asyrda bolsa, hünärmenler şol tokly ütügiň içine suw guýup işlemek ýaly usulyny hödürlediler. Häzirkizaman ütükleriň içine suw guýulýar. Degişli enjam arkaly ütükden ýa suw ýa-da bug pürkdürilýär. Bular ýaly ütük egin-eşiklerde ýygyrt asla goýmaýar we ýazgynlyk birnäçe günläp saklanýar. Eýsem, bize geregem şoldy-da, dogry dälmi boýdaşlar!
Taýýarlan: Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.