TÜRKMEN MILLI EL IŞLERI

     Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ruhyýeti kalby bilen utgaşyp, milliligi süňňüne siňen türkmen halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Şol milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Bu gymmatlyklar bolsa mähriban halkymyzyň kalbynda soňlanmajak şygar bolup ýaşaýar. Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler. Şeýdip hem owadan keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyryp gelýärler. Şeýle gözellikleri özünde jemleýän türkmeniň keşdeçilik sungaty halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar. Milli lybaslarymyzyň, kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip, nagyşlanylyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň «iňňe bilen guýy gazan» ýaly diýen sözüniň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenen. Çeper elli zenanlarymyz uz barmaklaryndan döreýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli keteni köýnegi, çabytdyr begresi türkmen tebigatynyň aňyrsyna gözýetmez ajaýyplyklarynyň, sahawatly türkmen topragynyň berekediniň, özboluşly keşbiniň beýanydyr. Inçelik bilen mähir siňdirilip ýerine ýetirilen milli nagyşlar bolsa zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýär. Türkmen maşgalasynda gyz bäbejik dünýä inende hem, onuň ulalansoň çeper elli, tikin-çatyndan başy çykýan, «elinden dür dökülýän» tüýs türkmen gyzy bolup ýetişmegi üçin ýagşy umyt edip, şol ýagşy umytlaryny arzuwly lälelerde, joşgunly gazallarda beýan edipdirler. Şeýle bagtyýar döwrümizde milliligimize uýup, ony sarpalap, gymmatly ýörelgelerimizi mynasyp derejede dowam etdirmek bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Täjinar ALLANUROWA,

TMÝG-nyň Ahal welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

NAGYŞLAR DÜNÝÄSI

Indiki makala

Meňzeş habarlar