TYLLA GÜÝZ

     Güýz paslynyň gözelligini şekillendiriş sungatynyň wekilleri bilen birlikde ýazyjy şahyrlarymyz hem öz eserlerinde wasp edýärler. Pasyllaryň arasynda güýz pasly has-da tapawutlanýar. Ýylyň- ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her haýsynyň özüne mahsus ajaýyp gözelligi bar. Her bir gülüň ysy deň bolmaýşy ýaly pasyllar hem özüniň gözelligi bilen aklyňy haýrana goýýar, ýürekleri joşdurýar. Güýzüň gelmegi tebigatyň hakyky häsiýeti özüniň reňk baýlygy ýagny daş töweregiň dürli reňkler bilen şöhle saçmagy bilen döredijilik adamsyny joşdurýar. Güýz pasly Demirgazyk ýarym şarda sentýabr, oktýabr we noýabr aýlaryny öz içine alýar. Günorta ýarym şarda bolsa mart, aprel we maý aýlary güýz hasaplanýar. 23-nji sentýabryň käbir ýyllarda 22-si güýzüň ilkinji güni hasaplanmagynyň sebäbi bu gün Gün şöhlesi Ekwatora 90 derejede, ýagny dik düşýär. Bu seneden başlap Gün şöhleleri Günorta ýarym şara perpendikulýar bolup başlaýar. Netijede Demirgazyk ýarym şarda gündiz gysgalyp, gije uzalyp başlaýar. Günorta ýarym şarda tersine bolýar. Bu sene Demirgazyk ýarym şarda baharyň başlangyjy hasaplanýar.

 

Şirinjemal AMANOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI