Eziz Diýarymyzyň ösümlik dünýäsi dermanlyk melhemlere iňňän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dermanlyk ösümlikleriň mekany bolan mukaddes ene topragymyzda keselleriň öňüni almakda we bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edýän ösümlikleriň ençeme görnüşi bardyr. Olaryň iň naýbaşylaryň biri-de gyzgyn Garagumyň jümmüşinde bitýän çomuçdyr. Çomuç gyzgyn çägede boý alyp tylla günüň nuruny gyzgyn howanyň demini sorup ulalýar. Çomuç esasan-da iç kesellerini bejermek üçin peýdalanylýar. Çomuç hakynda ata-babalarymyz «Çomujy gumuň, dermany emiň» diýen setirleri hem aýdyp geçipdirler. Ysly çomuç saýawanlylar maşgalasyndan bolup, boýy 100-120 sm ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol aprel, maý aýlarynda gülleýär, maý, iýul aýlarynda bolsa miweleýär. Üstýurtda, Üňüzaňyrsy Garagumda köpçülikleýin duş gelýän ysly çomujyň dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Halk lukmançylygynda gysylmanyň we damar çekmäniň garşysyna , öt çykaryjy, kakgynda, tutgaýda, öýken inçekeselinde, süýjüli diabetde, bagyr sökelliklerinde, merezýelde, howply çişlerde peýdalanylýar. Şeýle-de onuň şepbik sakyzy damar çekmede dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.