«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýeti örän uludyr. Biraýlygyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça orta mekdeplerde, edara-kärhanalarda we halk köpçüliginiň arasynda geçirilýän wagyz-ündew çäreleri oňyn netijeler berýär. Şeýle çäreleriň birnäçesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň we Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçilik wzwodynyň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda «Kadalary berjaý etmek hemmämiziň borjumyz» ady bilen geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen çärelerde ýol hereketiniň düzgünleri, olary berjaý etmekligiň her bir adamyň borjy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüňler edilip, adamlaryň saglygyny goramakda, sagdyn hem abadan durmuşy üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Duşuşyklarda nygtalyşy ýaly, howpsuzlygy üpjün etmekde sürüjiler bilen birlikde, pyýadalara-da uly jogapkärçilik degişlidir. Şonuň üçinem pyýada ýolagçylar örän seresaply bolup, diňe pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerden geçmelidirler. Olaryň ýoluň gatnaw bölegini kesip geçenlerinde ýolyşyga üns bermekleri hökmanydyr. Ýoluň gatnawly bölegine çykyp, säginmeli we eglenmeli däldir. Köçeden geçeniňde ilki çepe, soňra sag tarapa seredip, golaýlap gelýän ulagyň ýokdugyna doly göz ýetireniňden soň geçmelidir. Eger-de pyýada ýoldan geçip ýetişmedik halatynda garşydaş ugurly ulag akymynyň arasyny bölýän bölüji zolagyň üstünde garaşmalydyr. Halkymyzyň abadan, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.