ÝAŞLAR ÝUNESKO BURÇUNYŇ MYHMANLARY BOLDULAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biziň Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimizde açylan ÝUNESKO burçy bu medeni ojaga gelýän myhmanlaryň köpüsiniň ünsüni özüne çekýär. Çünki dünýäde ikinji bolup açylan bu ýörite burçda ýerleşdirilen täsirli maglumatlarda gadymy türkmen halkynyň baý medeni mirasyndan, maddy we ruhy gymmatlyklaryndan, milletimiziň dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine goşan ägirt uly goşantlary giňden şöhlelendirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň wekilleri, welaýatymyzyň bilim işgärleri, talyplar we ýokary synp mekdep okuwçylary «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýlip atlandyrylan bu burçy synlamaga geldiler. Muzeý işgärleri bagtyýar türkmen ýaşlaryna adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen girizilen gymmatlyklar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     Muzeýe guralan täsirli gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzyň bu abraýly halkara guramanyň netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigi nygtaldy. Şonuň ýaly-da ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-synyň, şol sanawda Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi dogrusynda hem buýsançly çykyşlar diňlenildi. Abraýly gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen geljekde rus, iňlis we nemes dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän bu bilim ojagynda okuwçylar bilen ýurdumyzyň biodürliligini öwrenmek, ýaşlar bilen hünäre ugrukdyryş işlerini geçirmek, medeni we taryhy ojaklara gezelençleri guramak boýunça meýilleşdirilýän çäreler dogrusynda söz açyldy.

     Bilim işgärleri bu çäräniň ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler. Edilen çykyşlarda bagtyýar ýaşlar milliligimizi, merdana pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryny, halkymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza sag bolsun aýtdylar.

 

Tawus GURBANOWA,

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni,

TMÝG-niňTürkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar