SPORT — SAGDYNLYK

     Şeýle mazmunly şygar astynda, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky alyp barýan döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak, olaryň beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşige okuw mekdebiniň talyp ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýokary guramaçylykly geçirilen ýaryşda sportuň küşt, şaşka hem-de stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşik gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Onda ýeňiji bolan toparlara hem-de işjeň gatnaşanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Şirin HAÝTJANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz

şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar