Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlerde uly üstünlikler gazanylýar. Biotehnologiýa, nanotehnologiýa, elektronika, robot tehnologiýalary, emeli aň ýaly ylmyň täze ugurlary barha ösdürilýär. Şular bilen bir hatarda, sebit derejesini ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, «Akylly» ýöriteleşdirmek konsepsiýasy durmuşa ornaşdyrylýar. Biz muny geljegi uly bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynda aýdyň görýäris.
«Akylly» ýöriteleşdirmek konsepsiýasy 2009-njy ýylda «Ösüş üçin bilim» bilermenler topary tarapyndan Ýewropa döwletlerinde girizilip başlandy. Bu konsepsiýa sebitde işçi ýerleri döretmek we ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Konsepsiýanyň esasy maksady, sebitiň bäsdeşlige ukyplylygyna baglylykda, ykdysady ugurlary ýüze çykarmak bolup durýar. Bu ýagdaý bolsa, global derejeden makro, makro derejeden mikro derejä çenli seljerme geçirmekden ybaratdyr. Ýagny, sebitiň kiçi birliklerinden seljerme geçirilip başlamaly. Bu Konsepsiýa dünýäniň birnäçe ösen we ösüp barýan döwletlerinde durmuşa geçirilýär we ondan ýokary netijeler gazanylýar.
«Akylly» ýöriteleşdirmegiň üç we dört halkaly subýektlerden ybarat mazmuny bar. Ilkibaşda, diňe üç halkaly ýagdaýda strategiýa düzülenden soňra, gözegçiligiň netijesine baglylykda dört halkaly ýagdaýa geçilýär. Üç halkaly bolanda ýokary okuw mekdepleri, telekeçiler we senagatçylar hem-de hökümet ýa-da ýerli häkimiýet edaralary degişli bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleriniň esasy ýerine ýetirýän wezipesi bilimiň nazaryýet bilen amalyýet taraplaryny birikdirmek we şonuň ähmiýeti bilen içgin gyzyklanmak, gyzyklanmalardan emele gelen netijelere esaslanyp, ýurduň içinde adam kapitalyny ösdürmek bilen bagly işler alyp barýar. Adam kapitaly islendik ugurda start-ap işini alyp barmaga ukyply bolup durýar. Telekeçiler we senagatçylar hem ýurduň içindäki adam kapitalyny netijeli ýagdaýda ulanýar we olaryň öňe çykaran start-aplarynyň durmuşa geçirilmegine kömek edýär. Ýagny, ikitaraplaýyn win-win pikirine eýerilýär. Ýeri gelende bellesek, win-win pikiri ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşygyň iki tarapyň hem peýdasyna işlemegidir. Hökümet ýa-da ýerli häkimiýet hem şeýle biri-biri bilen baglanyşykly işleýän ulgamyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we düzgünleşdiriji çäreleri ornaşdyryp durýar. Dört halkaly ýagdaýda bolsa, ýokarda agzalan subýektleriň arasyna jemgyýet ýa-da halk hem girýär.
Indi bu konsepsiýanyň sebitiň ösüş strategiýasyny düzmekde laýyk gelmegi babatynda aýtsak, her bir şäherçe, şäher we etrap derejede seljerme işleri geçirilip, her bir sebit üçin aýratyn strategiýalar düzülýär. Bu seljermeler taslamanyň agzalary tarapyndan alty tapgyrda alnyp barylýar. Birinji tapgyr, innowasiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek üçin sebitiň mümkinçiliklerini öwrenmek. Bu tapgyrda belli bir sebitiň çäginde ýerleşýän tebigy baýlyklary, zähmet resurslaryny seljeriş işlerini geçirmekden ybaratdyr. Ikinji tapgyr, ýygnanan maglumatlary seljermek we zerur faktorlaryny ýüze çykarmakdyr. Üçünji tapgyr, sebitiň geljegi barada umumy netijäni emele getirmekdir. Biz toplan maglumatlarymyza görä, sebitimiziň geljekki netijeliligini anyklap bileris. Dördünji tapgyr, ylalaşykly syýasy gurluşy döretmek bolup durýar. Bäşinji tapgyr, strategik çäreleri amala aşyrmak we olary gözegçilikde saklamakdyr. Altynjy tapgyr bolsa, strategiýalary bahalandyrmakdyr.
Aslynda, her bir sebit üçin aýratynlykda strategiýa düzülmeginiň sebäbi bar. Bu şeýle düşündirilýär — dürli sebitleriň biri-biri bilen meňzeş bolmadyk geografiki ýerleşişi, ilatyň ýaşaýyş pikiri, demografiki aýratynlygy taýdan özboluşly taraplary bar. Munda akylly ýöriteleşdirmegiň umumy bir strategiýa bilen dolandyrylmaýandygyny ylmy esasda bilmek bolýar. Aýratynlykda her welaýatyň kiçi çäk bölünişikleriniň mysalynda, esasan üç pudak (oba hojalygy, senagat we hyzmat pudaklary) boýunça seljeriş işleri geçirilen ýagdaýynda has maksadalaýyk bolmak bilen, täze bilimleriň we innowasiýalaryň esasynda akylly, energiýa we material tygşytlaýjy, ýaşyl we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň esasynda durnukly iş bilen üpjünçiligiň derejesini ýokarlandyrmagyň, ykdysady, durmuş we administratiw çäkleriň bilelikdäki işiniň esasynda ykdysady ösüşi gazanmakda uly itergi bolar.
Türkmenistan — Merkezi Aziýa sebitinde depginli ösýän döwlet. Ol ägirt uly tebigy baýlyklara, önümçilik kuwwatlyklaryna, gurluş we adam mümkinçiliklerine, giň ýaýbaňlandyrylan ulag aragatnaşyk ulgamyna eýe.
Häzirki günde biziň ýurdumyz uzak ýyllar üçin durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply, giň möçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär, olar häzirkizaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslandyrylandyr.
Şu maksatlar üçinem milli Maksatnamalar, meýilnamalar, ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň gurulmagy eziz Diýarymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işleriň rowaçlanýandygyny, ykdysadyýetimiziň kuwwatlanýandygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Arkadag şäheri hem täze döwrüň nusgalyk «akylly» şäheridir. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan desgalaryň hatarynda döwrebap bilim ojaklarynyň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň bolmagy, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller hakynda edilýän aladalaryň durmuş ýüzündäki aýdyň beýanydyr.
Göwher BERDIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.