Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Oňa Diýarymyzyň ähli künjeginde bina edilip, ulanylmaga berilýän saglyk merkezleridir sport toplumlary, stadionlar aýdyň mysaldyr. Olaryň ählisiniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda ynsan saglygy barada edilýän aladalaryň netijesidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň nurana günlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ÝaBSG-nyň Balkan welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda orta mekdep okuwçylarynyň arasynda Balkanabat şäheriniň 5-nji kiçi etrapçasynyň Şaşka we Küşt sport klubynda sportuň «Şaşka» görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji oruna Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähriban Durdyýewa, ikinji oruna Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülzar Durdyýewa, Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri boýunça ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Nargül Nepesowa üçünji oruna, höweslendiriji baýraga Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Züleýha Durdyýewa mynasyp boldular.
Şeýle-de oglanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji oruna Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Meýlis Hudaýberdiýew, ikinji oruna Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Yslamberdi Garajaýew, Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwletgeldi Durdyýew üçünji oruna, höweslendiriji baýraga Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Şiraly Annaýew mynasyp boldular.
Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça ýaryşda üstünlikli çykyş edenlere «Türkmenistan» ÝaBSG-nyň Balkan welaýat bölüminiň Hormat hatlary, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.