BEÝIK MAKSATLY ÝAŞLAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ähli babatda döwrebap ösüşler bilen kuwwatlanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde mähriban halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Şonuň ýaly-da berkarar döwrümiziň milli bilim ulgamyny okgunly ösdürmäge, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ýurdumyzyň nurana geljegini, hemmetaraplaýyn ösüşini şertlendirýändigini hem her ädimde görmek bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ak bagtyň hem bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy hem ýaş nesliň bagtyýar şu gününi we nurana geljegini berkarar etmek ugrundaky tagallalaryň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara eden öwütleri, pentleri göwünlere nur çaýdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary bilen kybapdaş bolup geçen şol taryhy ähmiýetli umumy sapagynda Hormatly Arkadagymyzyň zähmetsöýerlik, watansöýüjilik, şöhratly geçmişimiz we bagtyýar şu günümiz barada aýdan ganatly jümleleri her birimiziň durmuşymyzy ak ýollara tarap gönükdirmekde şamçyrag bolar.

     Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy çykyşy ýatdan çykmajak möhüm waka hökmünde biziň kalbymyza çäksiz buýsanç paýlady, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin öňküden-de yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrdy. Milli Liderimiziň nesihatlary, döwletli maslahatlary, nusgalyk ömür ýoly biz üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir, ýolumyza şamçyragdyr. Taryhy waka hökmünde her birimizde uly buýsanç döreden Gahryman Arkadagymyzyň şol umumy okuw sapagynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen etrabymyzda hem maslahatlary, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny berkitmekde, Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlarynyň güýjüne, başarnygyna uly ynam bildirýär. Bagtyýar türkmen ýaşlary-da özlerine bildirilýän ynamy ödemek maksady bilen, özleri üçin edilýän aladalara beýik başlangyçlary, zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler.

     Her bir işde bize ýol görkezýän, görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

 

 

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI