ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň we polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wzwodynyň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede ýol hereketiniň düzgünlerine degişli ýörite suratlar, ýol belgileri, gündelik durmuşdan şekilli mysallara salgylanma arkaly gatnawly ýollarymyzda hereket howpsuzlygynyň kadalary, pyýadalaryň, sürüjileriň wezipeleri hem borçlary barada edilen gürrüňler has-da täsirli boldy. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guramaçylykly geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda guralýan çäreler, maslahatlar, ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk garaýyşlarynyň kämilleşmegine, ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam edýär. Işjeň ýagdaýda guralýan şeýle asylly işler her bir adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesindäki aladalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň saglygy, abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR