BUÝSANÇNAMA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy – hakykatdan-da, uzak geçmişiň dowamynda ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň täzeden galkynan, beýik ösüşlere badalga alan döwri!

     Bu asuda Watanda her bir gün nurly Günüň çogy-ýakymy bilen başlanýar!

     Her günki başlangyç-tutumlar säher salamy bilen başlanýar!

     Her günüň säheri bolsa, “Watanda” (“Watan” habarlar gepleşigi) ýaňlanýan hoş habarlar, syýasy täzelikler, şanly wakalar bilen başlanýar!

     Eýsem, şularyň özem Türkmenistan atly ajap ülkäniň her bir raýatynyň eşretli durmuşda, bagtyň gujagynda ýaşaýandygynyň aýdyň mysaly dälmi?!

     Bu eşretler, elbetde, öz-özünden bolanok. Bu ählimize mälim hakykat.

     Bularyň ählisiniň sakasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän beýik tutumlar, halk bähbitli tagallalar dur. Dilimizde sena bolup, şeýle dabaraly hem-de buýsançly ýaňlanýan – berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda her bir günümiz täze üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada, biri-birinden ýakymly gelýän günlerimiz bizi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý baýramçylygyna barha golaýlaşdyrýar.

     Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýygy-ýygydan bizi özüniň täze-täze ajaýyp kitaplary, eserleri, şygyrlary bilen begendirip durýar. Ynha, ýaňy-ýakynda agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýene-de bir şeýle ajaýyp sowgadynyň şaýady boldy. Ýurdumyzyň ähli habar beriş serişdelerinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 17-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günortasynda – Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde özüniň beýik akyldara bagyşlap döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly täze goşgusyny okap berdi. Elbetde, bu täze şygyr türkmen halky üçin Gahryman Arkadagymyzdan ýene-de bir ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Bu ajaýyp sowgat – hemmeler üçin, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý bolmak bilen, döredijilik işgärleri, dilçi, edebiýatçy mugallymlar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar üçin özboluşly ylham çeşmesine öwrüldi. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän täze şygryny hut Magtymguly Pyragynyň daşlara siňdirilip, bina edilýän ajaýyp heýkeliniň öňünde okamagynda-da aýratyn many bar. Dogrudan-da, türkmen edebiýaty hut beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ady bilen dünýä çykdy. Beýik şahyryň miras galdyran eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi.

     Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtap geçmeklik örän ýerlikli bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyz diňe bir bu şygrynda däl, eýsem, ozal ýazan “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” ýaly uly romandyr eserlerinde-de, döwlet ähmiýetli dabaralardyr maslahatlarda edýän çykyşlarynda-da Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn ýüzlenýär. Beýik ynsan beýik ynsan barada, beýiklik barada ýazanda, her bir söz, her bir setir göwnüňe jaý, ýüregiňe jüňk bolýar. Beýiklik baradaky bu pikirleri men söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň “Ýürek” poemasyndaky şu setirleri bilen hasam berkidesim gelýär: “...Ikisi-de biri-birinden beýik, Beýikleň boýuny ölçemek aýyp!”. Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra, akyldara şeýle hormat goýup döreden bu ajaýyp şygram ýokarda aýdylanlaryň ýene bir mysaly boldy.

     Geljek ýyl, ýagny, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň döwlet derejesinde, uly baýramçylyk hökmünde belleniljekdigi örän ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan täze taryhy döwrümizde 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek hakynda çözgüt kabul edildi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň (“United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization”) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň şanly seneler sanawyna goşmak barada teklip goldanyldy. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussady we akyldar şahyrymyz Pyragynyň miras goýan, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly edebi mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan şeýle işler, elbetde, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni, ynsanperwer diplomatiýanyň barha üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

     Magtymguly Pyragy diýlende, onuň eziz pederi hem ilkinji mugallymy, döwründe “garry molla” lakamyny alan Döwletmämmet Azady hem hakydamyzda janlanýar. Ýeri gelende, BMG-niň esasy uly edaralarynyň biri bolan ÝUNESKO-nyň agzasy bolup durýan milli edebiýatlaryň meşhur wekilleriniň parasatly sözleri we pähimleri pannosynda D.Azadynyň jümleleriniň orun alandygy baradaky maglumaty aýratyn buýsanç bilen belläsim gelýär. “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” diýlip atlandyrylan şol pannoda ÝUNESKO-nyň şol wagtky direktory hanym Inna Bokowanyň goldaw bermeginde, Berliniň “Kunstwelt e.Wi Berlin” jemgyýeti alym şahyr D.Azadynyň “Her kişi kim ot ýakar – özi bişer. Gazsa her kim çah – oňa özi düşer” diýen setirlerini türkmen, nemes, iňlis dillerinde ýerleşdiripdir. Beýik akyldaryň bu pähimi, onda öňe sürýän pikirleri diňe bir öz zamanasy üçin ähmiýetli bolman, eýsem, şu günki günlerimizde-de öz gadyr-gymmatyny saklap gelýär.

     Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli “Açyk gapylar” syýasaty halkara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyryp, medeni gymmatlyklary öwrenmeklige giň mümkinçilikleri açan döwlet syýasaty bolup hyzmat edýär. Ençeme akyldarlaryň, meşhur nusgawy şahyrlarymyzyň hatyra dabaralarynyň halkara derejesinde bellenilip, dabarasynyň uludan tutulmagy dünýä ylym-bilim adamlarynyň ünsüni özüne çekýär.

      “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” ýa-da “Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” diýen halkymyzda ajaýyp atalar sözleri bar. Döwletmämmet Azady bilen Magtymguly Pyragy barada söz açylanda hem, bu iki beýik ynsanyň öz aralaryndaky sowal-jogap söhbetdeşligi hakynda okan bir wakam ýadyma düşýär:

     Ýagny, Azady ogly Magtymgula şeýle sorag berýär: “Magtymguly, kärizgenler kärizi nädip göni gazýarlar?”. Magtymguly: “Yzynda çyra goýup”. Onda Azady: “Dogry, kärizgenler ýeriň astynda kärizi göni gazmak üçin, yzynda çyra goýýarlar. Olaryň yşykdan ugur alşy ýaly, biz hem geljege dürs, mynasyp gitmek üçin özümizden öň ýaşap geçen akyldarlardan, ata-babalarymyzdan ugur almalydyrys”. Bu tymsaldan görnüşi ýaly, ata-babalarymyz biz – ýaşlaryň geljek ýolundaky şamçyragymyz, çelgimizdir. Olaryň bize goýup giden ahlak gymmatlyklary, milli ýörelgeleleri biz üçin kämil nusgalyk mekdepdir.

     Ýaňy-ýakynda ýurdumyza yzygiderli gelip gowuşýan hoş habarlaryň üstüni ýetiren – ýagny, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hakyndaky ýakymly wakany hem aýratyn nygtasym gelýär.

     Magtymguly Pyragy we Magtymgulynyň adyny göterýän Ýaşlar Guramasy – ikisem dünýäniň iň iri guramalarynyň biri hasap edilýän ÝUNESKO-nyň sanawlarynda ! Nähili özboluşy sazlaşyk ! Nähili belent mertebe, buýsanç !

     Bu taryhy waka ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Şeýle-de, Watanymyzyň BMG-niň abraýly düzümine girmeginiň ýakynda bellenilen 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi hem aýratyn buýsançlydyr.

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tejribe alyşmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanun işlenip taýýarlanyldy hem-de rejelenen görnüşde kabul edildi.

     Ýurdumyzda  döwlet derejesinde biz – ýaşlar üçin alnyp barylýan uly işler, döredilýän giň mümkinçilikler bizi has-da guwandyrýar, buýsandyrýar hem-de mundan beýlägem has hyjuwly, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

     Gahryman Arkadagymyzyň galamy ýiti, täze-täze eserdir şygyrlarynyň, şeýle-de hoş habarlaryň höwri köp bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik maksatly tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslensin !

 

Döwran ATAMEDOW,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň

13-nji orta mekdebiniň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar