PAGTA ÝYGYMY GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba-senagat pudagynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny her ädimde görmek mümkin. Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň asylly zähmet çekmekleri, hakyky ýer eýeleri bolmaklary, watanymyzyň ykdysady kuwwatyny galkyndyrmakda beýik maksatlara ýetmekleri üçin döredip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan welaýatymyzyň kärendeçileri hem ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri görkezýärler. Oba hojalyk pudagynyň iň esasy we gyzgalaňly möwsüminde bereketli pellerden alynýan «ak altynly» tonnalar göreniň gözüni dokundyrýar.

     Ýurdumyzyň bereketli topragynda çogly Güneşiň nuruna birkemsiz ýetişen, Amyderýanyň mele suwundan ganan ak hanaly meýdanlary görüp, buýsanmazlyk mümkin däl. Idegi birkemsiz ýetirilen gowaçaly meýdanlardan kerwen-kerwen gurap watan harmanyna daşalýan bereketli hasyllarda gündogar sebitiň zähmetkeş adamlarynyň hem mynasyp paýynyň bardygy biz üçin uly buýsançdyr. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän iň kämil tehnikalarynyň, traktorlaryň, pagta ýygyjy we däne orujy kombaýnlaryň we ýük daşaýjy ulaglarynyň her ýyl ýüzlerçesiniň satyn alnyp berilmegi bolsa daýhanlarymyzyň yhlasynyň ýerine düşmesini şertlendirýär.

     Biz hem öňdebaryjy daýhan birleşiklerde oba adamlarynyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen dürli aýdym-sazly çäreleri yzygiderli guraýarys, işjeň kärendeçileri Geňeşimiziň adyndan höweslendiriji sowgatlary bilen sylaglaýarys.

     Diňe bir watan harmanlaryny beýgeldýän däl, eýsem göwünleri hem galkyndyrýan şeýle pursatlaryň şaýady bolmak biz üçin uly bagtdan nyşandyr. Türkmen ýaşlarynyň halal zähmet çekmekleri, döwletimiziň kuwwatyna şahsy goşantlaryny goşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan dünýä ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

TMÝG-niň Saýat etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR