Çagalara ýol hereketiniň kadalaryny öwretmek ene-atalar üçin möhümdir. ulular ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegi we olara eýermegi çagalaryň aňyna ýetirmelidir.
Çagalara ýol hereketiniň kadalaryny haçan öwredip başlamaly? Olara özüň görkezip ýerine ýetirmekden gowy görelde ýokdur. Şonuň üçin çaga 4 ýaşyndan başlap, ýoldan geçeniňizde haýsy reňkde geçendigiňizi, näme üçin durandygyňyzy, ýol bellikleriniň näme üçin goýulýandygyny aýdyp beriň. Alty ýaşa çenli çagalarda ünslülik gowşak bolýar. Mysal üçin, ýoluň geçilýän zolagynda tötänleýin haýsydyr bir zadyny gaçyryp, ony almak üçin yzyna dolanyp biler. Şol sebäpli, şeýle ýagdaýda oňa nähili hereket etmelidigini düşündirmeli.
Mekdebe çenli ýaşly çagalar ýol hereketiniň howpsuzlygy barada nämeleri bilmeli? Olara ýol düzgünleri barada şulary düşündirip bilersiňiz:
— ýolyşyga üns berip, pyýada geçelgesiniň üsti bilen ýoldan geçmeli;
— ilki ýoluň gyrasynda durmaly we beýleki tarapa geçmek üçin ýolyşygyň reňkine seretmeli;
— awtoulaglaryň geçýän ýerlerinde oýnamaly däl;
— ýoluň ugry boýunça ýanýodadan ýöräp bilersiňiz;
— ýolyşyga ýetişjek bolup howlugyp hereket edeniňden, iň gowusy indiki yşarata garaşmak örän ýerliklidir. Ýol hereketiniň kadalaryny dogry we dürs berjaý edeliň, mähriban çagalar!
Jeren GELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk
öýüniň maşgala lukmany.