MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

     Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köpugurly döredijilik dünýäsini içgin öwrenmek we ony dünýä ýaýmak, akyldaryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek işlerine döwlet derejesinde giň ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeni-köpçülikleýin çärelere giň gerim berilmegi beýik şahyrymyzyň döredijiligine belent sarpanyň goýulýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, biz hem bagtyýar ýaşlar bilen welaýat kitaphanamyzda dürli mazmunly çäreleri, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris.

     Golaýda nusgawy şahyrymyzyň ýubileýine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi bilen bilelikde “Kitap – paýhas dünýäsi, Berkarar döwletiň geldi, Pyragy” atly söhbetdeşlik duşuşygy guraldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphana işgärleri we Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

     Işjeň häsiýete eýe bolan duşuşygyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanlary dogrusynda söz açyldy. Edilen çykyşlarda dana şahyrymyzyň köpugurly döredijiligine bagyşlanylyp geçirilýän dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýaşlarda uly seslenme döredýändigi dogrusynda nygtaldy. Söz ummanynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden okalan setirler we Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy ildeşlerimizde aýratyn täsir galdyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden täze eserleri, şygyrlar ýygyndylary bilen tanyşdylar. Kitaphananyň giň eýwanynda kitaphanaçylar tarapyndan “Magtymguly – paýhas äleminiň röwşeni” atly kitap sergisi hem gurnaldy. Sergide beýik şahyryň şygyrlar diwanlary giň orun eýeledi. Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

Akjagül ŞAMUHAMMEDOWA,

Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli usulçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR