GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ BIZ BAGTYÝAR BALASY

     Türkmenbaşy etrabynyň 6-njy çagalar bakja bagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesli döwrebap, watançylyk ruhunda terbiýelemek, körpelerde aýdym-sazlaryň üsti bilen ata Watanymyza bolan söýgini ösdürmek we ýaşlarymyzyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, güneşli diýarymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, bilim bölümi bilen bilelikde çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda «Garaşsyz Watanymyzyň biz bagtyýar balasy» ady bilen bäsleşik geçirdi. Bu bäsleşikde Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän goşgulary, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň jemine görä, 1-nji orna Türkmenbaşy etrabynyň 13-nji çagalar bakja bagynyň «Şadyýan körpeler» topary, 2-nji orna Türkmenbaşy etrabynyň 6-njy çagalar bakja bagynyň «Bägül» topary, 3-nji orna Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji çagalar bakja bagynyň «Güneş» topary ýeňiji boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara we gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy.

 

Akmuhammet NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR