GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz şäher şahamçasynyň Ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde, şahamçada zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, «Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi. Çärede Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň «Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň 4-nji ýyl talyplary, ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyk gazanan sungatyň ýaş wekilleri Pälwanmyrat Bakyýewiň hem-de Saparmyrat Aşyrowyň eziz Watanymyzy, abadan ýurdumyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, päk söýgini wasp edip, ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary oňa gatnaşanlary unudylmajak duýgulara besledi.

     Ýeri gelende aýtsak, bu şahamçada zähmet çekýän ýaşlaryň welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän medeni-köpçülikleýin, syýasy-jemgyýetçilik çärelerine hem işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.

     Dabara gatnaşanlar şeýle eşretli, parahat zamanada ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

     Şeýle göwnüňi galkyndyryjy, ýakymly pursatlara baý dabaralar dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan yzygiderli geçirýär.

Mämmetjan BABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar