HEREKETIŇ SAZLAŞYGY — AK ÝOLLARYŇ ÝARAŞYGY

     Häzirki wagtda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ýol gurluşygy we abadanlaşdyryş işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde batly depginde amala aşyrylýar. Döredilen amatlyklaryň hözirini görmek, netijeli peýdalanmak bilen birlikde, raýatlarymyz, ýagny sürüjiler we pyýadalar özleriniň kanuny borjuny hem berjaý etmelidirler.

     Şu nukdaýnazardan golaýda, Balkan welaýat kitaphanasynda ýurdumyzda sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi we «Türkmennebit» DK-niň şahamçasy tarapyndan «Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy» ady bilen duşuşyk çäresi geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen çärede ýol hereketiniň düzgünleri, olary berjaý etmekligiň her bir adamyň borjy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüňler edilip, adamlaryň saglygyny goramakda, sagdyn hem abadan durmuşy üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.

     Abadan ýollarymyzyň howpsuzlygyny, arassalygyny, jemgyýetçilik ýerleriniň medeniýetini üpjün etmek biziň özümize baglydyr. Goý, hemişe abadan ýollarymyzda rahatlyk bolsun!

 

 

Ananýaz SAPAÝEWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 4 okalan

MEDENI MIRASYM — MILLI BAÝLYGYM

17 Iýul 2025 | 44 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

17 Iýul 2025 | 34 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY