MAŞGALA GYMMATLYKLARY WAGYZ EDILÝÄR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň 13-nji orta mekdebiniň mejlisler otagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýip, öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Maşgala mukaddesligini ündemek maksady bilen geçirilen ýygnaga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim bölüminiň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda ýaş nesillerde merdana pederlerimizden miras galan ahlak arassalygy, watansöýüjilik, lebzihalallyk, kalby tämizlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, maşgala binýadynyň berkligini gazanmak dogrusyndaky gürrüňlere giň orun berildi. Bedew batly ösüşlerimiziň has-da berkemegini her bir maşgalanyň abadançylygynda görýän hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalaryna mynasyp jogap hökmünde, maşgala gatnaşyklarynda hemişe agzybirligiň, adalatlylygyň, birek-birege hormat-sarpanyň ýörelge bolmagyna hemmeleriň işjeň goşulmalydygy barada aýdyldy. Çykyşlaryň ahyrynda maşgala bagtyýarlygyny ähli babatda ilkinji derejede goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

 

 

Mähri TOÝMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar