TARYHY OJAKLARA GEZELENÇ GURALDY

     Ýurdumyzyň çäginde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatlyklaryndan söz açýan, baý taryhyny we medeni mirasyny subut edýän ýadygärlikleriň, taryhy ojaklaryň ençemesi bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly geçmişimiziň naýbaşy gymmatlyklary bolan taryhy ýadygärliklerimizi çuňňur öwrenmäge, olary nesilleriň arasynda wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem Daýahatyn kerwensaraýy, Amul galasy, Astanababa binagärlik toplumy, Osty galasy, Dargan baba kümmetleri ýaly taryhy ojaklaryň birnäçesi ýerleşýär. Ýaşlarymyzy milli mirasymyza hormat goýmak, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryny, geçen ýollaryny tutuş dünýäde şöhratlandyrmak ruhunda terbiýelemekde taryhy ojaklara, medeni ýadygärliklere guralýan gezelençleriň ähmiýeti uludyr. Şu maksat bilen ýakynda bagtyýar ýaşlarymyz bilen Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Osty galasyna gezelenç guradyk. «Medeni mirasym — müdimi mirasym» diýen at bilen guralan bu gezelenje bagtyýar ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

     Gadymy Amyderýany etekläp oturan Çärjew etrabyndaky Osty galasy Farap şäherinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Bu gadymy galanyň diwarlary özüniň özboluşly gurluş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Onuň gadymy ady belli bolmansoň, galany ýerleşýän obasynyň ady bilen atlandyrýarlar. Ýaşlar bilen guralan gezelenjiň dowamynda geçen asyrlaryň dowamynda bu gadymy ojakda geçirilen ylmy-barlag işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Onuň gurluşygynda dürli ölçegdäki çig kerpiçlerden we agaç bölekleri peýdalanylypdyr. Maglumatlardan görnüşi ýaly, galanyň dörän döwri biziň eýýamymyzdan öňki IV asyr we biziň eýýamymyzyň I asyryna degişlidir. XIX asyrda gala täzeden dikeldildi. Galanyň üstünde ýaşamak üçin amatly bolan meýdanyň möçberi 200 inedördül metre deňdir. Onuň günorta tarapynda ýerleşýän medeni gatlagyň bir bölegi ýykylypdyr. Galanyň töwereginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde dürli taryhy döwürlere degişli edilen gymmatly tapyndylar, dürli görnüşli keramiki önümleri, azyk önümlerini we suw saklamak üçin niýetlenen gaplar ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş durmuş şertlerinden söz açýar.

     Taryhy maglumatlardan çen tutsak, Osty galasy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, ata-babalarymyzyň zähmet edebiniň bir nusgasy hasaplanylýar.

     Milletimiziň milli buýsanjyna deňelýän, ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň bir bölegini düzýän taryhy ýerlerimizi öwrenmäge, olary gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

 

 

Erkin HEZRETOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR