Ynsanlaryň saglygynyň berkemeginde, fiziki we ruhy taýdan kämilleşmeginde sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti uludyr. Soňky wagtlarda tehnikanyň görlüp-eşidilmedik derejede ösmegi, önüm öndürmegiň mehanizmleşdirilmegi netijesinde, adamlaryň fiziki herekete bolan mätäçligi has-da ýokarlandy. Netije-de, sporta berilýän üns diňe bir ruhy islegleriň talaby bolman, eýsem saglygy berkitmegiň açaryna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, raýatlarymyzyň sagdyn durmuşy ugrunda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen sportuny ösdürmekdäki alnyp barylýan işleriň ilerlemegi aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.
Milli sporty ösdürmekde we ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi beden taýdan sagdyn edip ýetişdirmekde ata-babalarymyz tarapyndan döredilen we kämilleşdirilip gelnen milli oýunlaryň ähmiýeti uludyr. Ýaşlara kämil terbiýe bermegiň binýady hökmünde ata-babalarymyzdan miras galan oýunlarymyza daýanmak, ahlak gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, bilim we terbiýeçilik işleriniň döwür bilen sazlaşykly ösmegini gazanmak häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipesidir.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzda umumy orta bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipesi döwrebap, bilimli nesli kemala getirmekden, geljekde hünär derejesi ýokary bolan işgärleri taýýarlamak üçin dünýä tejribesine we halk pedagogikasynyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Şeýle-de, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini üpjün etmek maksady bilen, olaryň bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmaklary üçin toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek bellenilýär. Şonuň ýaly-da, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde sportuň ösdürilmegini gazanmaklyga gönükdirilen wezipeler «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar. Kanunyň esasy maksady, türkmen jemgyýetinde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekden, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga isleglerini kanagatlandyrmakdan, boş wagtlaryny netijeli geçirmekden, olaryň saglygyny berkitmekde sportuň mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanmak üçin hukuk binýadyny hem-de zerur şertleri döretmekden ybarat bolup durýar.
Ýurdumyzda ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek zyýanly endiklere garşy göreşmekde üstünligiň gazanylmagyna giňden ýardam edýär. Şu jähetden ugur alyp, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebi bilen bilelikde, ýaş ýetginjekleriň arasynda etrabyň Birinjiligini almak ugrunda «Sport – bagtyýarlygyň açary» atly şygar astynda sportuň grek-rim göreşi görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.
Ýaryşda 23 kg. agram derejesinde Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Kerim Taganmyradow 1-nji orna, Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Zarafşan Ikramow 2-nji orna, Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Jahangir Döwletow hem-de Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Sunnatbek Hajibaýew dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 26 kg. agram derejesinde ýeňiş gazananlaryň ählisi welaýatyň Daşoguz şäherinden bolup, olardan 2-nji sport mekdebiň türgeni Zafarbek Tursunbaýew 1-nji orna, 4-nji sport mekdebiň türgeni Merdan Pälwanow 2-nji orna, 7-nji sport mekdebiň türgeni Seýil Arazmämmedow 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 28 kg. agram derejesinde Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Şajan Ýollyýew 1-nji orna, Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Behruzbek Haitbaýew 2-nji orna, Daşoguz şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgeni Jasurbek Nazarbaýew hem-de Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Salih Hamzaýew dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 30 kg. agram derejesinde Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Fahriddin Satlykow 1-nji orna, Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Denis Şeripbaýew 2-nji orna, Daşoguz şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri Kemranbek Saburbaýew hem-de Bekzad Dawletow dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 32 kg. agram derejesinde Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Döwran Orazmetow 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Merdan Täşliýew 2-nji orna, Daşoguz şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgeni Gaýrat Serdarow hem-de Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Jorabek Matkurbanow dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 35 kg. agram derejesinde Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Wepa Durdyýew 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Ali Sultanow 2-nji orna, Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Alibek Azizbekow hem-de Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Jamalatdin Saidow dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 35 kg. agram derejesinde Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Azizbek Adylbekow 1-nji orna, Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri Hudaýberen Jumabaýew hem-de Azat Gaýypow dagylar 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýaryşda 38 kg. agram derejesinde Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň türgeni Şahzat Kalandarow 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgeni Süleýman Kulamisinow 2-nji orna, Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Şahruh Hasanbaýew hem-de Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Begzat Kurambaýew dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 41 kg. agram derejesinde Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Muhammetjan Ulugbekow 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgeni Mirzabek Allabergenow 2-nji orna, Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Timur Ýakubow 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 42 kg. agram derejesinde Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Arslan Durdyýew 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Atajan Şamyradow 2-nji orna, Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Süleýman Ulugbekow 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 46 kg. agram derejesinde Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Eldar Bahramow 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Abdyrahman Abdullaýew 2-nji orna, Daşoguz şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Aýhan Atabaýew hem-de Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Suraj Rozmetow dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 50 kg. agram derejesinde Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Şyhmyrat Şöhratow 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Ahmed Açilow 2-nji orna, Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Walibek Duşemow hem-de Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Rasul Hudaýarow dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşda 55 kg. agram derejesinde ýeňiş gazananlaryň hem ählisi welaýatyň Daşoguz şäherinden bolup, olardan 3-nji sport mekdebiň türgeni Halmyrat Atabaýew 1-nji orna, 4-nji sport mekdebiň türgeni Salahaddin Hudaýbergenow 2-nji orna, 2-nji sport mekdebiň türgeni Begmyrat Allakulyýew hem-de 2-nji sport mekdebiň türgeni Babur Kurambaýew dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijilerine hem-de has tapawutly çykyş eden ýaşlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň hem-de etrabyň 2-nji sport mekdebiniň bilelikdäki Hormat hatlary, bu guramanyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çary KAKABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.