SPORT ŽURNALISTI NÄHILI BOLMALY?

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky her bir güni uly üstünlikler bilen garşy alýar. Bu üstünlikleriň ählisi bagtyýar döwrüň ussat türgenlerini ruhlandyryp, sporta bolan yhlasyny we höwesini artdyrýar. Çünki sport bilen meşgullanmak, ukyp-başarnygyňy görkezmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap sport desgalary türgenleriň hyzmatynda. Olaryň ählisinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge giň  mümkinçilikler döredilen.

     Sport çäreleriniň geçýän ýerinden çäräniň ähmiýetini, many-mazmunyny açyp görkezmek we her bir pursady gyzgyny bilen janköýerlere ýetirmekde sport žurnalistine möhüm orun degişlidir. Sport žurnalisti teleradioýaýlymyň ýa-da gazetdir žurnal sahypalarynyň üsti bilen maglumatlary sport janköýerlerine, halk köpçüligine ýetirýär. Şunda wakalaryň gyzykly beýan edilmegi, her bir okyjynyň ýa-da tomaşaçynyň ünsüni çekmek žurnalistiň ussatlygyna baglydyr. Şu jähetden, sport žurnalisti hemişe kämillige ymtylmaly, öz üstünde işlemeli. Sportuň her bir görnüşiniň taryhyny, tanymal türgenleriň durmuş ýollaryny, olaryň üstünlige ýetmeginiň sebäplerini düýpli öwrenmeli.

     Sport žurnalistikasynda üns bermeli wajyp zatlaryň biri-de dil baýlygyňy ösdürmekdir. Şunda ylmy, çeper-publisistiki kadalardan däl-de, eýsem sada dilden ugur alynmalydyr. Sport janköýerleriniň dürli ýaşdaky, dürli hünärdäki adamlardygy nukdaýnazaryndan çylşyrymly adalgalara çenli aýdyň beýan edilmelidir. Sport ýaryşlarynyň we dabaralarynyň her biri sport žurnalisti üçin synag meýdanydyr. Oýunlary gözleri bilen gören adamlar, oňa gatnaşyp mynasyp orunlara eýe bolan türgenler özlerini bagtyýar hasaplaýan bolsa, onda bu ýagdaýy beýan edip, ony taryhyň sahypalaryna müdimilik ýazmagy başaran sport žurnalisti özüni näderejede duýjagy düşnükli bolsa gerek. Türgenler ýaryşlarda ýeňiş gazanyp altyn medala eýe bolýan bolsalar, žurnalistler ondan-da has gymmatly zada — halkyň söýgüsine mynasyp bolýarlar.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar