SAGDYN ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat polisiýa müdirligi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki 17-nji, 23-nji orta mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi. «Sagdyn ýaşlar — Watanyň daýanjy» ady bilen geçirilen çäräniň esasy maksady watansöýüji, päk ýürekli, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, olaryň sagdyn hem-de berk bedenli bolmaklaryny gazanmakdan ybaratdyr.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramaga, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilen işler barmak basyp sanardan kändir.Ýaş nesilleriň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy üçin döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur almaklaryna, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna gönükdirilen netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar.

     Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesiller barada örän uly aladalaryň edilýändigini durmuş hakykatlaryna salgylanmak arkaly belläp geçip, ýaşlary bilim almaga hasam yhlasly çemeleşmäge çagyrdylar. Şeýle hem, ýaşlara hemişe asylly ýol-ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan görelde almagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ylymly, bilimli, hemmetaraplaýyn kämil, durmuşa taýýarlykly adamlar bolup ýetişmegi ündediler.

Wagyz-nesihat çäresinde edilen şeýle çykyşlaryň her biri okuwçylaryň dowamly ýaňlanan el çarpyşmalary bilen makullandy. Çykyşlaryň ahyrynda agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

Sähragül IŞANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR