DAÝHANLARYŇ ARMASY ÝETIRLÝÄR

     Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we Babadaýhan etrap medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda Babadaýhan etrabynyň Akwekil geňeşliginiň meýdan düşelgesinde pagtaçy kärendeçileriň, we ýygymçylaryň işe bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem armalaryny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly medeni köpçülikleýin dynç alyş çäresi geçirildi. Dynç alyş çäresinde aýdym-sazlar belent ýaňlanyp, etrap medeniýet öýüniň aýdymçylarynyň mahmal owazly aýdymlary we wäşileriň sahnalary uly el çarpyşmalara beslendi. Çärä gatnaşanlar ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny kämilleşdirmek, daýhanlaryň netijeli zähmet çekip, zähmediniň rehnedini görmekleri hem-de hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri üçin  alkyş aýtdylar. Pagta hasylyny ýetişdirmekde aýratyn tapawutlanan kärendeçilere we pagta hasylyny ýitgisiz ýygnaýan kombaýnçylara jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 2 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 499 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT