BILIMLI ÝAŞLARA BUÝSANÇ

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, hemme taraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi.

     Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze  mazmun bilen baýlaşdyrylyp,Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny  üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň belentlikleri nazarlaýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

     Ýurdumyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan öňde goýlan maksada ýetme giň ygtybarly ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnikalar bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberde serişdeleriň goýberilýändigini aýtmak bolar.

     Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamlary döredildi.

     Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak sanly bilim ulgamyny doly derejede peýdalanmagyň girewidir. Orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän sanly bilim portaly elektron poçta, resminama, uzak aralykdan dürli hili bäsleşikleri, olimpiadalary maslahatlardyr forumlary özünde jemleýär. şeýle hem ondaky okuw kitaplaryndan, gollanmalardan, sözlüklerden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Elektron maglumat çeşmesine birikmegiň elýeterliligi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem-de kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu işler durmuşa doly ornaşdyrylandan soň, ondaky mümkinçilikler okamak üçin sarp edýän wagtyňy ep-esli tygşytlamaga, şonuň ýaly-da anyk maglumatlary almaga giňişleýin şert döreder.

 

 

Gülälek GULJANOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

«Mugalymlar gazeti»

16.10.2023 ý.

Meňzeş habarlar