Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler bilen bir hatarda bilim özgertmeleri hem üstünliklere beslenýär. Ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň derejesi bu ulgamyň merkezlerine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilýär. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde bilim öwretmegiň, okatmagyň iň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar. Geçilýän sapaklarda multimedia tagtalaryndan, kompýuter tehnologiýalaryndan hem-de lingafon otaglaryndan peýdalanylýar. Munuň özi bilimiň döwrebap ugurlaryny aýdyň beýan edýär.
Ýurdumyzyň ilatynyň biliminiň ýokary derejede bolmagyny gazanmaga hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi ulgamyň bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmekleri, olaryň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim babatda amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň barşynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi barha giňeýär
Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça, durmuşa geçirilýän işler toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň:«Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris» diýen parasatly sözleri Türkmenistanyň her bir raýaty üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her ýylda täze bina edilýän ýokary we orta bilim berýän okuw mekdepleri özleriniň gapylaryny giňden açýarlar. Şu ýylda hem altyn güýzüň ilkinji güni ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, Arkadag şäherinde täze bilim ojaklary açylyp ulanylmaga berildi. Bu dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda talyplar we mekdep okuwçylary ylmyň iň ýokary derejesindäki kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen auditoriýalarda, synp otaglarynda özleriniň ylym-bilimlerini has-da ösdürmäge mümkinçilik tapýarlar. Bu bolsa mugallymlara, talyplara we okuwçylara bilimde gazanylan iň täze üstünlikler bilen tanyşmaga, döwrebap derejede bilim almaga uly ýardam edýär.
Ýaşlaryň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulşeker GAÝYPOWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň müdiri
Mugallymlar gazeti 18.10.2023ý.