KÜŞT TÄSINLIKLERI

     Taryhy maglumatlara görä, küşdüň dörän ýeri hökmünde Hindistan bellidir. Bu ýerde oýun takmynan 2000 ýyl ozal döräpdir diýlip çak edilýär. Şol döwürler oýna «çaturanga» diýip at beripdirler. Munuň sebäbi, oýunda 4 sany mal, ýagny perzi (wezir), ruh, at we pil tapawutlandyrylypdyr. Şondan soňra küşt Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen VI asyryň başlarynda Eýrana çenli ýaýraýar. Araplar VII asyrda bu oýun bilen tanyş bolýarlar. Olar oýny «şatranj» diýip atlandyrypdyrlar.

     Ýewropada hem küşt hakynda ilkinji kitaplar XV asyryň ahyrynda peýda bolup başlaýar. Onuň ilkinji gezek doly görnüşde 1561-nji ýylda Rui Lopes çapdan çykarýar. Onda debýut (ilkinji göçüm), mittelşpil (oýnuň ortaky bölegi), endşpil (oýnuň ahyry) beýan edilýär. Wagtyň geçmegi bilen, küşt we onuň kadalary kämilleşdirilýär.

     1119-njy ýylda iňlis koroly Genrih I bilen fransuz koroly Lýudowik VI arasynda ilkinji küşt oýny geçirilýär. 1475-nji ýylda ispan şa zenany Izabelladan gelip çykan «dama» atly küşt malynyň ady ilkinji gezek tutulýar. 1497-nji ýylda küşt debýutlary hakynda Lusenanyň kitaby çapdan çykýar. 1512-nji ýylda Damianonyň neşir etdiren Italiýanyň küşt hakyndaky ilkinji kitaby çykýar.

     1550-nji ýylda Italiýada ilkinji küşt kluby döredilýär. 1575-nji ýylda Madridde ilkinji küşt turniri geçirilýär. 1779-njy ýylda Amerikada küşt hakynda ilkinji makala çykýar. Ol «Küşdüň ahlak gymmatlyklary» diýlip atlandyrylýar we bu makalany Benjamin Frankliniň özi ýazýar. Küşt hakynda ilkinji kitap 1791-nji ýylda Russiýada neşir edilýär. 1851-nji ýylda Londonda küşt boýunça ilkinji halkara ýaryş geçirilýär. 1867-nji ýylda Parižde ilkinji gezek küşt sagady ulanylýar.

     Ýene-de käbir täsin maglumatlara ünsüňizi çekmek isleýäris. 1878-nji ýylda ilkinji gezek telefon arkaly küşt oýny geçirilýär. 1881-nji ýylda Liwerpul bilen Kalkuttanyň arasynda küşdi telefon arkaly oýnamak boýunça ilkinji halkara ýaryş geçirilýär. Kompýuterara ilkinji küşt ýaryşy bolsa, 1970-nji ýylda geçirilýär. 1947-nji ýylda Týuring tarapyndan kompýuterde ilkinji küşt programmasy döredilýär. 1886-njy ýylda küşt boýunça ilkinji resmi dünýä çempionaty geçirilýär. 1897-nji ýylda küşt boýunça zenanlaryň arasynda ilkinji halkara ýaryş geçirilip, onda Mari Rudj ýeňiji bolýar. 1905-nji ýylda Ostendde bolan ýaryşda ilkinji gezek «grossmeýster» (uly ussat) derejesi ulanylýar. 2007 – 2008-nji ýyllarda söweşjeň küşt boýunça ilkinji onlaýn ýaryşy geçirilýär.

     XIX asyryň ikinji ýarymynda küşt ýaryşlarynda sagat ulanylyp başlanýar. Ilkibada, çäge sagady ulanylan bolsa, köp wagt geçmänkä, iňlis küşt söýüjisi Tomas Braýt Wilson ýörite küşt sagadyny oýlap tapýar.

 

 

 

Taýýarlan: Mähri ESENOWA,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň

jemagat hojalygy müdirliginiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 579 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4797 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY