TÜRKMEN ALABAÝY — WEPADARLYGYŇ, EDERMENLIGIŇ NUSGASY

     Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda türkmen alabaýlarynyň hem mertebesi belent tutulýar. Çünki uzak ýyllaryň dowamynda wepadarlygyň, edermenligiň nusgasy hökmünde arzylanyp gelen türkmen alabaý itleri dostlugyň hem ebedi nusgasydyr. Ýurdumyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslyk sungaty hem bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen alabaý itlerini köpeltmekde, olara ideg etmekde asylly işleri alyp barýan ildeşlerimize hem «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar, şeýle hem ýurdumyzyň itşynaslaryny sylaglamak üçin ýörite medal hem döredildi. Şonuň ýaly-da Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi işlemek bilen türkmen alabaýlarynyň dünýäde giňden tanalmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

     Ýurdumyzda tohumlyk alabaý itleriniň şanyna ýyly-ýylyna toýdur baýramlaryň, giň gerimli çäreleriň geçirilmegi hem edermenligiň nusgasy bolan alabaýlaryň şanyny dünýä ýaýmak ugrundaky işleriň bir bölegidir. Ynha, biz hem ýakynda Türkmen alabaýynyň gününi guramaçylykly geçirmek maksady bilen Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebinde «Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy» atly sergi geçirdik. Halaç etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guralan bu çärä etrabyň çagalar we sungat mekdebiniň okuwçylary, etrabyň orta mekdepleriniň ýaş suratkeşleri we ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Kitaphana işgärleri ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, wepaly, edermen türkmen alabaýyny, onuň edermenligini hem dünýäde uly meşhurluga eýe bolýandygyny ýaşlara gürrüň berdiler. Sergide ýaşlar milli gymmatlyklarymyzy beýan edip çeken öz surat eserlerini görkezdiler.

 

Ýaraş HAÝYTOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR