SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan köpçülikleýin çäreleriň mazmuny barha baýlaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabynyň Sport mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda raýatlarymyzyň sport bilen yzygider meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen etrabyň Sport mekdebiniň türgenleşik zalynda «Sport — sagdynlygyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna sport mekdebinde tälim alýan okuwçy ýaşlar, şeýle hem tälimçi mugallymlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan beýik işler dogrusynda gyzykly gürrüňler etdiler. Maslahatyň ahyrynda ýaşlaryň sport bilen yzygider meşgullanmagy, ylym-bilim öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi, Watana wepalylyk ugrunda terbiýelenmegi, zähmetsöýer, maksada okgunly, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

DABARALY GEÇEN ÇÄRE

Indiki makala

BOL HASYL UGRUNDA

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 499 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 496 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 517 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT