ÝAŞLAR — WATANYŇ GÜÝJI-KUWWATY

      Ylymly-bilimli, edep terbiýeli, hünärli we kämil başarnykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek türkmen jemgyýetinde elmydama aýratyn üns merkezindedir. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmandyklaryna taryhy şahsyýetlerimiz bilen birlikde milli we medeni mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklary hem aýdyň subutnamadyr. Şöhratly pederlerimiziň bu ugurdaky durmuş we pelsepewi ýörelgeleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky taýsyz tagallalary hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

      Garaşsyz Diýarymyzda ýaşlaryň diňe bir ylymly, bilimli bolmaklary däl, eýsem, olaryň alan bilimlerine görä hakyky hünär eýeleri bolmaklary ugrunda hem döredilýän mümkinçilikler çäksizdir. Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny açmak we goldamak ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu barada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzünde Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda «Biz ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş çatynjalara goldaw bermek, olary häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis» diýip belläp geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň berýän oňyn netijeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde, täze önümçilik edaralaryny we senagat kärhanalaryny döretmekde türkmen ýaşlarynyň alyp barýan giň ugurly işlerini biz her ädimde görýäris. Şonuň ýaly-da türkmen ýaşlary özleriniň täzeçil başlangyçlary bilen has-da kämilleşýärler we dünýä çykýarlar. Bu babatda ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan hem ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça olara ýer bölekleriniň bölünip berilýändigini, döwlet bank edaralary tarapyndan köpýyllyk ýeňillikli karzlaryň hem berilýändigini bellemek gerek.

      Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň güýç-kuwwatyna, gaýratyna uly ynam bildirýär. Bagtyýar türkmen ýaşlary-da özlerine bildirilýän beýik ynamyň aňryýany bilen hötdesinden gelmek maksady bilen özleriniň güýç-gaýratyny täzeçil başlangyçlarynda görkezýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde döredilýän önümçilik maksatly desgalarda, senagat kärhanalarynda hem bagtyýar ýaşlaryň gaýratyny görmek bolýar. Bu diňe bir ýurdumyzda önüm öndürijiligi artdyrman, eýsem, şol bir wagtda ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, olaryň öz ylmy gözleglerini tejribede synamaga we wagtlaryny netijeli peýdalanmaga hem giň şertleri döredýär.

      Biziň hakyky hünär eýeleri bolmagymyz, kämil bilimleri ele almagymyz, öz başlangyçlarymyz bilen dünýä çykmagymyz ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

 

Gülbahar BEŞIMOWA,

TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR