ÝYLY SUW ŞYPAHANASY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzyň her bir günleri toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly zähmetinden bina edilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda we etrap merkezlerinde täze döwrebap derejede gurlup, durky düýpgöter täzelenip, ähli amatlyklary özünde jemleýän şypahana merkezleri halkymyzyň köňül guşuny galkyndyrýar. Ýurdumyzda bitýän dürli görnüşli dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylýan melhem çaýlary ähli şypahanalarda giňden ulanylýar. Güneşli Diýarymyzda halk arasynda giňden tanalýan, özüniň täsin suwy bilen ady belli baýry şypahanalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň etrap merkezinden 9/km günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Ýyly suw» şypahanasydyr. Bu şypahana ençeme ýyllar bäri özüniň täsin gyzgyn suwy bilen ynsan saglygyny dikeltmekde uly meşhurlyk gazanandyr. Şypahana Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, iki sany döwrebap binasy bardyr. Binalaryň biri 80 we beýlekisi bolsa 200 orunlykdyr. Şypahananyň ähli ýerleri bagy-bossanlyga bürenip, bu ýere dynç almaga gelýänleriň ruhuny galkyndyrýar. Hakykatdan-da bu şypahana özüniň şypaly dag howasy, ýeriň jümmüşinden syzylyp çykýan täsin gyzgyn suwy we dermanlyk ot-çöplerinden taýýarlanylýan gyzgynjak melhem çaýlary bilen dynç almaga gelýän raýatlaryň saglygyny dikeltmekde peýdasy uludyr. Şypahananyň täsin bejeriş suwy barada aýtsak, ýokary sowuklamany, peşew ulgamlaryny, böwrek sowuklamasyny we birnäçe keselleriň öňüni almakda uly meşhurlyk gazanan. Mundan başgada bu şypahanada aşgazan asty mäzlerinde ýüze çykýan dürli keselleriň öňüni almakda, ýörite lukmanlaryň maslahaty esasynda içilýän suwlary hem bardyr. Elbetde dynç almaga gelýänler üçin ähli amatlyklary gözeginde tutulan ýagty otaglary, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary, aňry başy suw bilen bejeriş dürli öwüşginli täsin wannalar, kiçi bolmadyk sport zallary, dürli-düri peýdaly naharlar bilen naharlanmaga giň ýagty naharhanasy, şeýle-de agşamlaryna wagtyňy hoş geçirmek üçin tomaşa zaly we şypahananyň seýilgäh zolaklary hem gözeginde tutulmagy ýurdumyzda ynsan saglygyny dikeltmekde edilýän aladalaryň bimöçber uludygyny subut edýär. Öz halkynyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny we alyp barýan döwlet ähmiýetli, tutuş adamzat bähbitli belent maksatly işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

 

 

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY