SUNGATYM BAR, SARPAM BAR

      Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda sergi guraldy. Bu sergi ýaşlarymyzyň sungata bolan söýgüsini terbiýelemek, garaýyşlaryny ösdürmek maksady bilen geçirildi. Sergide türkmen halkynyň milli şaý-sepleri, gadymy keteni önümleri görkezildi. Şeýle-de, sergä gatnaşyjylara goraghananyň wekilleri ýaşlarymyza ata-babalarymyzdan şu günki güne çenli gelip ýeten inçe sungatyň görnüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle sergi we gezelenç çäreleri ýaşlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan yzygiderli guralýar.

 

 

Şirin HAÝTJANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar