Adamyň watançylyk duýgulary we watansöýüjilik garaýyşlarydyr borçlary barada gürrüň edilende, ilki bilen Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna eýlenen eserleri seriňe dolýar. Okyjylar köpçüligine niýetlenen ol kitaplar Watanymyzyň merdana Watan goragçylary üçin hem özboluşly mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle eserleriniň biri-de “Watan goragy mukaddesdir” atly kitaby bolup, ol belent watansöýüjiligi açyp görkezýän çuňňur manysy hem-de täze özgerişleri giňden beýan edýänligi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň parahat, asuda zähmet çekmeginiň, abadan durmuşda ýaşamagynyň aýdyň ýörelgelerini dabaralandyrýar. “Watan, ene toprak üçin gara başy orta goýmak her bir türkmeniň borjudyr” diýen jümleler bilen başlanýan bu kitap, Garaşsyz Diýarymyzyň her bir raýaty üçin eziz Watanymyzy goramakdan, ösdürmekden we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakdan mukaddes borjuň ýokdugynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukugynyň we azatlygynyň kanun tarapyndan goralýandygy, şeýlelikde, ynsan mertebesiniň hemme zatdan ýokarydygy we eldegrilmesizligi Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda doly şöhlelendirilýär. Şunuň netijesinde bolsa, demokratik özgertmeler geçirilip, ýurdumyzda raýat jemgyýeti kemala gelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda raýatlar üçin kanunçylyk binýadynyň berkidilip, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanun esasynda ygtybarly goralyşy ýaly, ýurduň raýatlary hem eziz Watanymyzy dünýä derejeli belentliklere götermelidirler. Kitapdaky “Dünýäde Döwlet baýdagymyzyň hormatyny we sarpasyny beýgeltmegimiz — Berkarar Watanymyzyň mertebesini beýgeltmegimizdir!” diýlen jümle kalbyňda ýaşyl Tugumyza bolan buýsanjy has-da belende göterýär. Asuda Asmanda Zemin ýaşaýşynyň ykraryýetine öwrülip duran ýaşyl Tugumyz Watan goragçylary üçin mertligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasydyr. Watan esgeriniň harby kasam bilen ýaşyl Tuguny öpmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan ebedilik wepasynyň, müdimilik ygrarynyň nyşanydyr. Şeýle-de, kitapda “Biziň Harby doktrinamyz parahatçylyk söýüjilikli bolup, diňe goranyş häsiýetine eýedir” diýlip beýan edilmegi Watana söýginiň, halal zähmetiň, parahatçylykly ýaşaýşyň, abadan durmuşyň ýurdumyzyň yzygiderli ösüşleriniň girewi bolýandygynyň çuňňur aňladylmasydyr. Şu maksatdan ugur alyp Etrek etrabynyň 2118 harby bölüminde harby gullukçylaryň we esgerleriň arasynda “Watan goragy mukaddesdir” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň ahyrynda çykyş edenler şeýle many-mazmundan doly ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza öz sagbolsunlaryny beýan etdiler hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň watanymyzyň asudalygyny üçin alyp barýan beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.