BAGTA BAGT GOŞÝAN KENAR

      Tutumly işler rowaçlyga beslenýär. Rowaçlyk bolsa, ählimizi uly sepgitlere ýetirer. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly alyp barýan syýasatyndan ugur alnyp işlenip düzülen il-ýurt bähbitli maksatnamalar halkymyzy eşretli ýaşaýşa ýetirip, täze sepgitlere giň ýol açýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň öz gezeginde, il bähbidine gönügendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Taryha nazar salsak, Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylyň maý aýynda Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde geçirilen sammitde bu şähere we onuň töwereklerine erkin ykdysady zolak derejesini bermek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Başlangyç dessine uly gyzyklanma döretdi. Netije-de, ýurdumyzyň geografik kartasynda asyrlara uzajak täze, häzirkizaman syýahatçylyk mesgenini döretmegiň ägirt uly tapgyry başlandy. 2009-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji binalaryň açylyş dabarasy bolupdy. Şeýlelik bilen, Awazanyň kenarynda gysga taryhy döwrüň içinde ähli amatlyklary bolan dünýä ülňülerine laýyk gelýän myhmanhanalaryň we kottejleriň tutuş toplumy kemala geldi.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän öňdengörüjilikli we parasatly alyp barýan syýasatyndan ugur alnyp, işlenip düzülen il-ýurt bähbitli maksatnamalar ýurdumyzy belent sepgitleri nazarlap barýan halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen tutumly çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň gurşawyna öwürdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bolsa, öz gezeginde, şeýle gurşawlaryň biridir. Kaddy-kamaty asmana görk berýän bagt kenary – Awazada gysga taryhy döwrüň içinde köşk mysaly ymaratlaryň ençemesi binýat boldy.

      Ümmülmez çägeli meýdanlarda şäheriň peýda bolmagy edil ertekilerdäki arzuwyň hasyl bolup, durmuşa ornaşyşy ýaly, aklyňy haýrana goýýan durmuş hakykatyny ýatladýar. Biri-birinden owadan, kaşaň myhmanhanalarda döwür lezzetini, döwür joşgunyny duýup ýaşamak, dynç almak eşreti has-da başgaça bolýar. Şeýle pursatlary başdan geçiren raýatlaryň sanynyň bu günki gün barha artýandygyny bellemek bizi has-da buýsandyrýar. Awaza diňe munuň bilen çäklenmez, çünki bagt kenarynyň muşdaklary diňe bir ýokary hilli dynç alşyň däl, eýsem bedeni berkitmäge, sagdyn bolmaga ýardam berýän amatly mümkinçilikleriň gurşawynda hem bolar. Çünki Awaza bagta bagt goşýan kenar bolup, dünýä jemgyýetçiliginde we biziň her birimizde uly gyzyklanma döredýär.

 

 

 

Dürsoltan JUMAŞOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň

merkezi kitaphanasynyň Nazly Gylyjow adyndaky geňeşliginiň

kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY