HALKARA BIOSFERA GORAGHANALARYNYŇ GÜNI

      Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky gatnaşyklar öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Tebigat — biziň öýümizdir. Şonuň üçin hem ony goramak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Häzirki döwürde daşky gurşawymyzy – tebigatymyzy gorap saklamak baradaky mesele bütin dünýäniň üns merkezinde saklanyp, umumadamzat bähbitli netijeli işler alnyp barylýar.

      Biosfera goraghanalary tebigatymyzy gorap saklamakda, onuň meselelerini öwrenmekde we adamzat bilen daşky gurşawyň arasyndaky durnukly, sazlaşykly gatnaşygy döretmekde janly tejribehanalardyr. ÝUNESKO-nyň 2021-nji ýyldaky 41-nji sessiýasynyň kararyna laýyklykda, 3-nji noýabr «Halkara Biosfera Goraghanalarynyň güni» diýlip yglan edildi. Halkara Biosfera Goraghanalarynyň güni  tebigata we ýaşaýyş dünýäsine hormat goýup, hakyky durnukly ösüşi gurmak üçin eýýäm durmuşa geçirilen çözgütlerden ylham almaga çakylykdyr.

      «Tebigat bilen gatnaşygymyzy ösdürmek üçin, ilki bilen daşky gurşawymyza nähili täsir edýänligimize ýa-da onuň bize nähili täsiriniň bardygyna dogry düşünmegimiz gerek» diýip, ÝUNESKO-nyň Baş Direktory Audreý Azulaý çykyşynda belleýär. Şu ugurda tejribe gazanmaga gönükdirilen biosfera goraghanalary üç esasy maksady birleşdirýär:

  • Biodürlüligi we medeni dürlüligi gorap saklamak;
  • Jemgyýetçilik - medeni we ekologiýa taýdan durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek;
  • Gözleg, gözegçilik, bilim arkaly ösüşi goldamak üçin  logistiki ýardam bermek;

      1976-njy ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň Halkara Biosfera Goraghanalarynyň ulgamyna 134 ýurtdan 738 goraghanalar we çäkler girizildi. Biziň ýurdumyzdan hem, 1979-njy ýylda Repetek döwlet goraghanasy ÝUNESKO-nyň Halkara utgaşdyryjy Geňeşiniň «Adam we biosfera» maksatnamasynyň karary bilen «biosfera» derejesini aldy we degişli halkara ulgamyna goşuldy. Bu goralýan ýeriň şerti, dünýä ekologiýa ulgamlarynyň esasy görnüşleriniň biri bolup, ol geljekki nesiller üçin tebigaty gorap saklamak we ylmy gözlegleri geçirmek üçin juda ähmiýetlidir.

      ÝUNESKO bilen 30 ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy bolan Türkmenistan döwletimizden «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň çöl ekoulgamlary «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünyä mirasynyň sanawyna girizilendigi aýratyn bellärliklidir.

      Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän üstünlikli syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan halkara giňişliginde daşky gurşaw bilen bagly meseleleri çözmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde uly abraýa eýedir. Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara giňişliginde belentliklere ýetirýän, biz ýaşlara kämil bilim almaga, milli we tebigy mirasymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli aýdyň maksatlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

GÜLNAR KÜRENOWA,

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynda terjimeçilik-tejribeligini geçýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby,

«Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň agzasy.

Meňzeş habarlar