16-njy dekabrda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça geçirilen iş maslahatda milli Liderimiz adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça hem tabşyryklary berdi. Munuň özi ýaşlaryň kanuny sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ösdürmekde ileri tutulýan ugur bolup, alnyp barylýan syýasy-jemgyýetçilik işlerine, geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine aýratyn mazmun berýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde sebitde we dünýäde pajarlap ösýän we döwür bilen aýakdaş gidýän döwlet hökmünde tanaldy. Bu günki ýetýän we ýeten sepgitleri bilen çylşyrymly häzirki zaman dünýäsinde göterilip barýan döwletimizi mundan beýläk galkyndyrmakda, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny rowaçlandyrmakda maksatlaryň we öňde goýlan wezipeleriň anyk ugry kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz kämil raýat jemgyýetini gurmaga ymtylýan güýçli demokratik döwleti öz gündelik işinde adamlara gulluk etmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ukyplydygyny nygtamak bilen: «Meniň öz öňümde goýan baş maksadym – adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan, kanunlaryň hemmeler üçin deň we hökmany bolmagyny üpjün etmekden, ösen, ýokary düşünjeli jemgyýeti gurmakdan ybaratdyr» diýip belleýär.
Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. “Döwlet her näçe kuwwatly, gurply bolanda-da, ilatyň ýaşaýyş derejesi döwletde alnyp barylýan durmuş syýasatyna gönüden-göni bagly bolýar” diýip, ykdysadyýetçiler belleýärler. Türkmenistan Watanymyzda durmuş syýasaty Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesine esaslanýar. Bu ynsanperwer ýörelge çeperleşdirip aýdanymyzda kök urup, şaha ýaýyp, raýatlara goýy saýasyny salýar, miwesini boldan eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýarys. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýan, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär!” diýen sözleri hem ýurdumyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitlerini goramak ugrunda uly alada edilýändigine aýdyň mysaldyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygymyzyň dabaralanmagy, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmek bilen kämilleşdirilýän hukuk namalarynyň ornunyň ýokarlanmagy ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygyny kepillendirýär. Muny türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek we giňişleýin düşündirmek bolsa milli Liderimiziň degişli tabşyryklary esasynda baý mazmunda we ýokary netijeli häsiýetde amala aşyrylýar.
Milli demokratiýanyň we kanunçylygyň dabaralanýan döwründe ýaşlaryň bu babatdaky düşünjelerini, hukuk sowatlygyny artdyrmakda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem işjeň agzalarynyň, mejlisiň deputatlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleriň ähmiýeti örän ýokarydyr.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.