Golaýda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 2 sany, 2 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň şatlyk şowhuny has-da belende göterildi. Dabara gatnaşyjylar täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Soňra ýaşulular el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesip, “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” trestiniň “Ýöritegurluşykgurnama” müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Ähli amatlyklary bolan döwrebap öýleriň açarlary “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň ähli müdirlikleriniň işgärlerine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaşaýyş jaýlaryň açarlaryny alan bagtly öý eýeleri gurluşykçylaryň tagallalaryna ýokary baha berdiler. Pursatdan peýdalanyp, täze öýleriň eýeleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň “Türkmennebit” döwlet
konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.