Her bir güni taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalara beslenýän döwrümiziň bagtyýar günlerinde ýaşlaryň durmuşynda ykbal özgerdiji wakalar goşa-goşadan gelýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, sahawatly güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçmegi diňe bir bagtyýar ýaşlaryň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Günsaýyn özgerýän Berkarar döwletimizde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze nesli kemala getirmek her bir maşgalanyň öňünde durýan aýdyň hem belent wezipedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýaşlara aýratyn üns, ynam bildirýändigi ýaşlary Watanmyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine hem-de halkymyzyň daýanjyna deňeýändigi baradaky buýsançly gürrüňleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemek, oňa mynasyp jogap bermek bagtyýar ýaşlarymyzyň hemişelik baş maksadydyr, gündelik durmuşlarynyň mizemez ýörelgesidir.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň netijesinde bolsa Berkarar Watanymyzyň ýaş raýatlarynyň perzentlik borçlaryna abraý bilen hötde gelmekde sagdyn durmuş ýörelgelerine hemişe gyşarnyksyz eýerjekdiklerine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratyny aýaman, yhlasly, döredijilikli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýandygyny türkmen ýaşlarynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtaýar. Bildirilýän şeýle beýik ynama jogap edip Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi we «Türkmennebit» DK-niň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» DK-niň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Biz — ýaşlara görelde siz Arkadag» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler «Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesilleriň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir» diýip bellediler.
Bu buýsançly hakykat ýaşlarymyzyň netijeli ylym-bilim almakdaky, hünär edinmekdäki, döredijilikli zähmet çekmekdäki, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerip, sportuň dürli görnüşleri boýunça täze belentliklere çykmakdaky tagallalarynda mynasyp beýanyny tapýar diýip buýsançly bellediler. Çykyş edenler çäräniň ahyrynda Watanymyza, halkymyza wepaly hyzmat etmäge, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmaga çäksiz höwes hem-de buýsanç duýgularyny döredýän atalyk sargytlary, öwüt-nesihatlary, röwşen geljegimiziň hatyrasyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin şeýle hem ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk we uzak ömür arzuw etdiler.
Hakmyrat KIŞJIKOW.
TMÝG-niň «Türkmennebit»
DK-niň şahamçasynyň başlygy.