Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.
Halk arasynda kyrkçille diýlip atlandyrylýan gyş paslynyň dowam edýän günlerinde sowuk howa bilen ýagyn utgaşykly gelýär. Topraga düşen galyň gar geljek ýylda däneden bol hasyl alynjakdygyny aýdyň edýär. Tejribeli daýhanlaryň belleýişleri ýaly, gyşda ýagan gar toprak üçin ýakymly bolup durýar. Diýmek, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyna garaşybermeli.
Milli Liderimiz dynç günleri boş wagtlarynda sport maşklaryny ýerine ýetirmegi we tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy adaty endigine öwürdi. Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz agtygy bilen gezelençde bolup, Asma ýola tarap ugrady.
Bu künjegiň gyş paslynyň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşyp, onuň tämiz howasy, tutuş giňişligi gurşap alan aklyk, dag etekleriniň gözelligi adama güýç-kuwwat berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu töwereklerini synlap, agtygyna tebigatyň gudraty güýçli, onuň egsilmez baýlygy we tebigatyň adamlar bilen gatnaşygy barada gürrüň berdi.
Kerim atasynyň gürrüňlerini diňläp, dag etekleriniň gözelliklerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini surata düşürdi. Munuň özi ýurdumyza ak gar bilen gelen gyşyň has täsirli pursatlarynyň ýadygärlik hökmünde saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Bu şekiller uzak wagtlap ýatda galar, sebäbi Türkmenistanda garyň şeýle galyň düşmegi seýrek hasaplanylýar. Şeýle hem göwün göteriji aklygyň täze ýylyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzy gurşap almagy abadançylygyň we bolçulygyň baş nyşany hasaplanylýar. Şeýle hem bu görnüşler çagalar üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Olar üçin gar üstünde oýnamak, dürli şekilleri döretmek tapylgysyz güýmenje bolup durýar.
− Şu ýyl garyň galyň düşmegi dag eteklerinde we sähralarda öri meýdanlaryň sonarly bolmagynyň, miweli baglaryň we ekerançylyk meýdanlarynyň ýokary hasyllylygynyň esasy şerti hasaplanylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen Asma ýoluň ugry boýunça hereket edýän kabina mündüler. Onuň assalyk bilen herekete başlanmagy arkaly daş-töwerekde ajaýyp görnüşleri açyldy. Köpetdagyň belent dag gerişlerine tarap uzaýan Asma ýoluň bu künjegiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik berýändigini bellemeli. Belentlikden görünýän ajaýyp şekiller ynsan ruhuny göterýär. Dörän mümkinçilikden netijeli peýdalanýan Kerim gyşyň ajaýyplyklaryny surata düşürdi.
... Döwlet Baştutanymyz agtygy bilen Asma ýol boýunça gezelenjini tamamlap hem-de onuň soňky duralgasynda düşüp, dag belentliklerinden tutuş gözýetimde ýaýbaňlanyp ýatan şäheri, gar bilen örtülen baýyrlary we jülgeleri synlady. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, ähli welaýatlarda amatly gurşawy döretmek üçin toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Tebigat barada alada etmek bilen, biz geljekki nesilleriň abadançylygyny maksat edinýäris.
Döwlet Baştutanymyz biziň howa şertlerimizde seýrek gabat gelýän şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, agtygy bilen ak gardan gar togalaklaryny ýasap hem-de olary birikdirip, adam keşbine meňzeş şekili döretdi.
Çaga kalbynda bagtly pursatlary we ýakymly duýgulary emele getirýän gar adamy türkmenleriň hemişe ak zady arassalygyň we belent ynamyň nyşany hökmünde kabul edilýändigi bilen baglanyşykly ruhubelentligi we iň ýagşy, hoşgylaw duýgulary we umytlary alamatlandyrýar.
Milli Liderimiziň agtygy Kerim gara örtülen belentlikleriň arasynda tebigatda geçirilen ajaýyp gün baradaky ýatlama hökmünde gar adamy surata düşürip başlady. Başlan işini ahyryna çenli ýetirmegi öz durmuş filosofiýasyna öwüren hormatly Prezidentimiz bolsa gar adamyň keşbine jemleýji üýtgetmeleri girizdi.
Şeýlelikde, garlyk giňişlikler we Köpetdagyň etegindäki baýyrlar boýunça gezelenji tamamlap, ata bilen agtyk bu ajaýyp ýerlerden ugradylar.
Asma ýoluň ähli işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi şäher ýaşaýjylary, esasan-da, körpeler üçin täsin pursatlary döredýän adamlaryň zähmetine berilýän mynasyp bahadyr. Asma ýoluň işgärleri öz zähmetine berlen ýokary baha netijeli işlemek üçin döredilýän ajaýyp şertler, täze ýyl sowgatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar geljekde hem güýç-gaýratlaryny gaýgyrman, ilata ýokary derejeli hyzmat etjekdiklerine söz berdiler.
Bu pursatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň adam hakyndaky yzygiderli aladasynyň, ýurdumyzyň Täze ýyl baýramyna nähili taýýarlanýandygynyň hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öň ýanynda ençeme ajaýyp pursatlaryň garaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.