Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar.

“Älem” medeni-dynç alyş merkezi Türkmenistanyň halkynyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi.

Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşün atýan çyrajyklardan, täsin şarlardan, bezeg garjagazlaryndan, daş-töwerege nur saçýan dürli bezeg serişdelerden hakyky ertekiler dünýäsi döredildi. Älemgoşar öwüşginli bezeglere beslenen meýdançada Täze ýyl baýramynyň ruhubelentlik ýagdaýy göwnüňi göterýär.

Milli Liderimiz agtyklary bilen ertekiler şäherçesindäki meýdançada ýerleşýän Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy.

Aýazbabadyr Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we mähriban atasy bilen Baş arçanyň ýanyna gelen bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi belent ruhly we sagdyn hem-de hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Döwlet Baştutanymyz çagalar hakyndaky aladanyň asylly we nurana geljegiň ygtybarly bolmagyny alamatlandyrýandygyny durmuş hem-de ýaşlar syýasatynyň ähli ugurlarynda ägirt uly we netijeli özgertmeleriň başyny başlamak bilen, şolaryň ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny aýratyn belleýär.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ähli çagalaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, olara okuwlarynda uly üstünlik, saýlap alan hünärine ýetmeklerini arzuw etdi. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz asylly däbe eýerip, agtyklary bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.

Bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlyk harytlaryň dükany işleýär. Onda baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ýeri gelende, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtyklaryna sowgat satyn alyşy ýaly, dükanda saýlap alan harytlaryň, önümleriň üçin bank kartlary arkaly töleg geçirip bolýandygyny bellemek gerek.

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň söwda ulgamynda döwrebap ösen tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz dükana baryp, hödürlenilýän sowgatlyk önümler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň agtyjaklarynyň göwün söýen, saýlan sowgatlaryny Aýazbabanyň gowşurmagy körpeler üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursada öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz agtyklarynyň saýlan sowgatlyk önümleri üçin tölegi bank karty arkaly geçirdi.

Çagalar hoşallyk sözlerini aýdyp, çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde joşgunly goşgulardan okap berdiler. Olar dürli dillerde goşgy okadylar.

Aýazbaba we Garpamyk körpeleriň söýgüli baýramy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary üçin bagtyýar çagalara hoşallyk bildirip, olara täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Milli Liderimiz Aýazbabadyr Garpamyga minnetdarlyk bildirip, dostlugy, parahatçylygy, ylalaşyklylygy, jebisligi hem-de rowaçlygy alamatlandyrýan Täze ýyl baýramy bilen olary ýene bir gezek gutlady we täze ýylda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýazbaba we Garpamyk bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly, düşümli ýyl bolmagyny arzuw edip, Watanymyzyň körpe nesilleriniň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi hem-de bu ýerden ugrady.