Gündogarda «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň» diýen ýörgünli jümle bar. Ýurdumyzda nowjuwan günleriň hatary kerwen guraýar. Taryhy ýylyň her bir gününde ýaşlar unudylmajak şatlykly wakalaryň şaýady bolýarlar.
2023-nji ýylyň Halkara zenanlar baýramynyň giň gerimde dabaralanýan gününde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler jaýynda geçirilen “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Ýaşlara gutlag” atly aýdymy halkymyz, ylaýta-da, ýaşlar tarapyndan ýokary ruhubelentlik bilen kabul edildi.
Joşgunly aýdym ýaşlaryň kalbyndan orun aldy. Şirin, labyzly setirler, atanyň iň gowy arzuwlary ýaş ýetginjegiň durmuşynyň rowan ýolunda ak patanyň beýanyna öwrüldi. Ata-babalarymyz “Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet” diýipdir. Ynsan daragt bolsa, perzent onuň miwesi. Ata-enäniň arzuwy perzendiniň edepli-terbiýeli, watansöýüji bolup, il derdine ýaraýan ýagşy ynsan bolmagydyr. Agaçlaryň kökden boý alşy ýaly, nesillerem ata-enesiniň görüm-göreldesinden ugur alýar. “Bagt diýen zat damja bolsa, ýaz ýagşa eziliň” diýen pähime eýlenen parasatly jümleleriň aňyrsynda çuňňur pelsepe ýatyr. Bagt her bir ynsana berilýän peşgeşdir. Adam üstünligi bagt hasap edýär. Iň esasy bagt bolsa, mydama seniň ýanyňda bolup, seniň edep-terbiýäňe, görüm-göreldäňe öwrülýär. Ajaýyp häsiýetler seni gurşap alan bolsa, şolar seni bagta eltmeýärmi?! Edep-terbiýe damja bolup, seni manyly durmuşa, bagtyýar ýaşaýşa, bagta eltýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nowjuwan ýylyň dowam edýän bagtyýar pursatlarynda ýaşlara sowgat eden nusgalyk aýdymy bu taryhy ýylda ümzügi ileri ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň beýanydyr. Munuň özi, ýaşlar üçin toý sowgadydyr, bagtyýar durmuşa çagyryşdyr, ajaýyp zamananyň bagt ýolundan barýan ýaşlara ak patadyr.
Baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz – ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.