Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelýän ajaýyp eserler halkymyzyň söýgüsini gazandy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň täze XV jildiniň elimize gowuşmagy bolsa halkymyz üçin buýsançly waka boldy. Bu ylmy-ensiklopedik eser her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrülip, daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen öwrenilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýeti, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň 2000-den gowragynyň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilýär we şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär. Alym Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik eseri keremli türkmen topragynyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýany, baý tebigatymyza buýsanjyň nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzda lukmançylygyň ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Bu eser diňe döwürdeşlerimiz däl, eýsem, geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna hökmünde hyzmat edýär. Hormatly Arkadagymyzyň ähli eserleri ýaly, ensiklopedik eseriniň täze jildi hem terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmak bilen, milli mirasymyzyň we tebigatymyzyň gözelliklerini halkymyza ýetirmekde, olaryň ähmiýetini düşündirmekde gymmatly gollanmadyr. Täze kitapda ýerleşdirilen täsin ösümlikleriň we gülleriň suratlary aýratyn özüneçekiji bolup, bu gözellikleri goramak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak barada-da giňişleýin beýan edilýär. Ýagty geljegiň eýeleri bolan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-güne, Watana gerekli, halal adamlar bolup ýetişmeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary gymmatly çeşme, paýhas hazynasy bolup hyzmat edýär.
Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.